TÜRKMENISTAN WE BAHREÝN ÄHLI UGURLAR BOÝUNÇA ÖZARA GATNAŞYKLARY MUNDAN BEÝLÄK HEM GIŇELTMÄGE YGRARLYDYKLARYNY TASSYKLADYLAR

2019-njy ýylyň 16-njy martynda Aşgabatda türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistana Bahreýn Patyşalygynyň işewürler toparynyň wekilleriniň ähmiýetli wekiliýeti geldi. Işewürler maslahatyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem hususy pudagyň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Gutlag sözlerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri A.Işanow we Bahreýn Patyşalygynyň Senagat, täjirçilik we syýahatçylyk ministri Zaýed R. Al Zaýani Türkmenistanyň we Bahreýniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.

Forumyň çäklerinde türkmen tarapyndan «Тürkmengaz» Döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Bahreýn tarapyndan Patyşalygyň Milli Nebit müdirliginiň, Milli gaz edarasynyň, Energetika we suw meseleleri boýunça ministrliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat edarasynyň we Merkezi bankynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Taraplar öz çykyşlarynda aýratynlykda nebitgaz, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa, bank we azyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny jikme-jik beýan etdiler. Şeýle hem Türkmenistanda we Bahreýnde ýangyç-energetika we gaýtadan işleýän kuwwatlyklarynyň bardygy hem-de olaryň geografiki taýdan amatly ýerleşmeginiň ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin esas bolup durýandygy bellenilip geçildi. Çykyşlar tamamlanandan soň, resminamalar bukjasyna gol çekildi. 

Ertir, 17-nji martda Bahreýn Patyşalygynyň işewürler toparynyň wekilleriniň Türkmenistanyň degişli döwlet we hususy edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşuklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.