Türkmen ýygyndy toparynyň ýeňişleri

Düýn V Aziadanyň çäklerinde sportuň on bir görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi - olardan sambo, kikboksing, erkin göreş, agyr atletika, bilýard, sport tanslary boýunça türgenlerimiz 23 medala, şol sanda 6 altyn medala mynasyp boldular.

Häzirki pursada çenli Türkmenistanyň ýygyndy topary jemi 229 medala – 85 altyn, 65 kümüş we 79 bürünç medala eýe bolup, umumy hasapda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda uly tapawut bilen ynamly öňdeligi eýeleýär.

HHR-iň ýygyndy topary jemi 78 medal, şol sanda 34 altyn, 24 kümüş we 20 bürünç sylaglar bilen ikinji orunda barýar. Eýranly türgenler jemi 102 medal toplasalar-da, olaryň diňe 26-synyň altyndygy (hasap altyn medallar boýunça ýöredilýär) sebäpli üçünji orny eýeleýärler, galan sylaglaryň 18-si kümüş we 58-si bürünç medallardyr.

Sambo boýunça türkmen türgenlerine şowlulyk ýaran boldy, olar dürli derejeli medallara mynasyp boldular. Ildeşlerimiz Zafar Madaminow (100 kg-dan ýokary), Kerimderdi Döwletow (62 kg), Jawlanbek Madaminow (82 kg), zenanlaryň arasynda Gülbadam Babamyradowa (52 kg) altyn medallary eýelediler. Zyba Orunowanyň (64 kg) hasabynda - kümüş medal. Kasym Populow (74 kg), Elgun Soltanow (82 kg), Hurma Abdyýewa (52 kg) bürünç medallara mynasyp boldular.

Kikboksingde hem belli ýygyndy toparymyz şeýle üstünlikleri gazandy. Muhammet Altybaýew (63,5 kg) “lou-kik” ugry boýunça, 69 kilograma çenli agram derejede “laýt kik” ugry boýunça Merdan Mämmedow kümüş medala eýe bolan topar boýunça ýoldaşy Sanjarbek Sapaýewden üstün çykyp, ýygyndy toparymyza altyn medal getirdi. Pygy Sylabow (57 kg) “full-kontakt” ugry boýunça, zenanlaryň arasynda Gülzada Joragulyýewa (60 kg) “laýt kik” ugry boýunça hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar.

Said Fakirow (74 kg) “laýt kik” ugry, Şöhrat Ýagmyrow (79 kg) “lou-kik” ugry, Satlyk Allakow (79 kg) “poýnt-faýting” ugry we zenanlaryň arasynda Saýýara Bahramowa (52 kg) “lou-kik” ugry boýunça bürünç medallary eýelediler.

Erkin göreş boýunça Saparmyrat Myradow (61 kg), Batyr Orazgylyjow (70 kg) kümüş medala, Mekan Orazow (61 kg) bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmen agyr atletikaçysy Hojamuhammet Toýçyýew (105 kg-dan ýokary) birden we itekläp götermegiň jemleri boýunça 431 kilogram netije bilen Özbegistandan türgen Rüstem Jangabaýewden 11 kilogram yza galyp, kümüş medala eýe boldy.

Bilýardda “rus piramidasy” ugrunyň utgaşdyrylan görnüşinde Ybabekir Bekdurdyýew ýarym finalda Gyrgyzystanly Yzatbek Ratbekowdan 5:2 hasabynda asgyn gelip, bürünç medal bilen oňmaly boldy.

Şu gün “Aşgabat 2017” oýunlarynyň baýrakly orunlary ugrunda tansçylar bäsleşiklere girişdiler. Salsa boýunça biziň ildeşlerimiz Aleksandr Sisekin we Waleriýa Nepomnýaşaýa üçünji orny eýelediler, degişlilikde Wýetnamdan we Gonkongdan gelen tans jübütleri birinji we ikinji orunlara mynasyp boldular. “Wena walsy” usulynda türkmen tans jübüdi Meýlis Atamyradow we Lidiýa Gogolewa finala çykdylar, emma hormat münberiniň birinji basgançagyna ýetip bilmediler, birinji orny ýaponiýaly tansçylar eýelediler.

Şu gün rapid görnüşindäki küşt boýunça toparlaýyn ýaryşlar başlady. Biziň erkekler toparymyz 7 utuk bilen öňde barýar. Bu görnüş boýunça bäsleşikler ertir dowam etdiriler, aýlaw ýaryşlardan soňra ýarym final we final duşuşyklary geçiriler.

Bouling boýunça erkekleriň we zenanlaryň toparlarynyň arasynda ýaryşlar geçirildi. Biziň türgenlerimiziň bu görnüş boýunça gazanan netijeleri olara 26-njy sentýabrda geçiriljek ýarym finala çykmaga mümkinçilik bermedi.

Suwda ýüzmek boýunça ýaryşlar brass, utgaşdyrylan görnüş, erkin görnüş boýunça geçirilen bäsleşikler bilen tamamlandy, 4х100 metr utgaşdyrylan erkekler we zenanlar estafetalary geçirildi.

Zenanlaryň arasynda futzal boýunça ýaryş tamamlandy. Birinji ýer ugrunda Tailandyň topary Ýaponiýanyň toparyny utdy. Bu duşuşygyň 14-nji minutynda tailandly futzalçy zenanlar hasaby açdy. Oýnuň tamamlanmagyna bäş minut galanda Ýaponiýanyň topary hasaby deňledi, emma soňra ýene-de bäsdeşlerine öňe geçmäge mümkinçilik berdi. Meýdança bäşinji oýunçynyň çykarylmagy ýapon türgenlerine üstünlik getirmän, tersine tailandlylaryň üçünji pökgini geçirmegine sebäp boldy. 3:1 hasabyndaky ýeňiş we altyn medallar tailandly türgenleriň paýyna düşdi. Bürünç medal ugrundaky bäsleşikde Eýranyň topary Hytaýyň toparyndan 5:1 hasabynda üstün çykdy.

Şu gün uly tennis boýunça V Aziadanyň ilkinji çempionlary belli boldy. Garyşyk, jübüt bäsleşikleriň finalynda Tailanddan Nuttanon Kadçapanan we Niça Lertipitaksinçaý çekeleşikli üç tordan ybarat bäsleşikde Hindistandan gelen türgenler Jagadessan Wişnuwardhandan we Prarthana Thombareden üstün çykyp, ýeňiji boldular. Erkekleriň arasynda ýekelikdäki bäsleşikde ikinji finalçy kesgitlenildi – hindistanly Widjaý Natarajan öz ildeşi Sumit Nagar bilen finalda duşuşar. Jübütleýin ýaryşlarda finalçylar hem äşgär edildi. Erkekleriň arasynda gazak we hindi tennisçileri, zenan jübütleriniň arasynda hindi we tailand türgenleri altyn medal ugrunda güýç synanyşarlar. Final ýaryşlary 26-njy we 27-nji sentýabrda geçiriler.