Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy Kuala-Lumpur şäherinde “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyna” we “Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna” mynasybetli baýramçylyk kabul edişlik çäres
2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala Lumpur ş.) Ilçihanasy tarapyndan baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyna we Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp Kuala Lumpur şäheriniň “RENAISSANCE” myhmanhanasynda baýramçylyk kabul edişlik çäresi geçirildi.
Bu baýramçylyk çäresine Malaýziýada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Malaýziýanyň Daşary işler we beýleki ministrlikleriniň wekilleri, Malaýziýada okaýan türkmen talyplary we wagtlaýyn ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.
Şeýle-de, baýramçylyk çäresine Malaýziýanyň Hökümeti tarapyndan esasy myhman hökmünde Obalary we sebiti ösdürmek ministriniň orunbasary jenap Datuk Haji Ahmad Jazlan bin Yaakub gatnaşdy we ol çäräniň açylşynda çykyş edip, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň janynyň sag bolmagyny, alyp barýan işlerinde üstünlik, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna abadançylyk hem-de uly ösüşler arzuw etdi.
Türkmenistanyň Ilçisi öz çykyşynda myhmanlary ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri we Türkmen-Malaý gatnaşyklary bilen tanyşdyrdy. Çykyşynyň ahyrynda Ilçi Malaýziýanyň Daşary işler ministrligine iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde berýän goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi, hem-de Malaýziýanyň Patyşasynyň janynyň sag bolmagyny, alyp barýan işlerinde üstünlik we Malaýziýanyň Hökümetine we halkyna abadançylyk we uly ösüşler arzuw etdi.
Esasy myhmanyň we Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň çykyşlaryndan soňra, Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Döwlet senalary çalyndy we Türkmenistanyň garaşsyzlyk döwründe ýeten sepgitlerine, ykdysady ösüşine, syýahatçylyk mümkinçiliklerine, milli gymmatlyklaryna, ýurduň taryhyna, tebigatyna, ajaýyp binalaryna bagyşlanan wideo ýazgylar görkezildi.
Wideo ýazgylar görkezilenden soň, çärä gatnaşan myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlendi we türkmen kompozitorlarynyň sazlary hem-de türkmen aýdymlarynyň ýaňlanmagy bilen kabul edişlik dowam etdirildi.
Baýramçylyk kabul edişligine jemi 200-den gowrak myhman gatnaşyp, agşam sagat 19:30-dan sagat 21:30-a çenli aralykda agzybirlikde, asuda we şowhunly ýagdaýda geçdi.