MALAÝZIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILÝÄR

2015-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Malaýziýanyň paýtagty Kuala Lumpur şäher häkimliginiň Dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20-ýyllygyna we 2015-nji ýyly “Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Malaýziýanyň hökümetiniň, daşary ýurtlaryň akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik toparlaryň wekilleri, bu ýurtda okaýan türkmen talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň açylşynda çykyş edenler medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklaryň ähmiýeti barada gürrüň edip, onuň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp geçdiler. Şeýle hem bu medeni çäräniň iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmakda, medeniýet we sungat ussatlarynyň özara tejribe alyşmaklaryna we bu ugurda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ösmegine saldamly goşant goşjakdygy barada aýdyp geçdiler.

Türkmen halkynyň milli aýdym-saz mirasynyň, nusgawy operasynyň we estrada eserleriniň esasynda düzülen, Türkmen artistleriniň ýerine ýetiren uly konserti bu dabaranyň bezegi bolup çykyş etdi.

Şeýle hem, Dabaralar merkeziniň daşky zalynda Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň amaly-haşam sungatynyň, milli şaý-sepleriniň, haly önümleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi gurnaldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20-ýyllygyna we Medeniýet günlerine bagyşlap baýramçylyk kabul edişlik çäresini gurnady.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmen wekiliýetiniň Malaýziýanyň Syýahatçylyk we medeniýet ministrliginiň Medeniýet we sungat müdirliginde tanyşlyk duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri bilen bagly wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.