TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 20 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MALAÝZIÝADA SPORT ÇÄRELERI GEÇIRILDI
2015-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda, şanly Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda, 2015-nji ýylyň "Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly" diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Malaýziýada bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda sportyň kiçi futbol, küşt we şaşka ugurlary boýunça ýaryşlar gurnaldy.
Agzalan sport çäreleri Malaýziýanyň “Petronas”, “Lımkokwıng”, “Management and scıence”, “Segı”, “Multımedıa”, “Taylor's” uniwersitetlerinde we “Westmınster” halkara kollejinde okaýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda Malaýziýanyň Selangor ştatynyň Subang Jaya şäherinde ýerleşýän "Sunway" sport toplumynda geçirildi.
Kiçi futbol ýaryşy, agzalan ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplaryndan düzülen 6 sany toparyň arasynda gurnalyp, onuň netijesi boýunça ýeňiş gazanan toparlara we oýunda saýlanan oýunçylara Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynyň adyndan sowgatlar, kubok we medallar gowşuryldy.
Şeýle hem, sportyň küşt we şaşka görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda üstünlik gazanan talyplara Ilçihananyň adyndan höweslendiriji sowgatlar we medallar gowşuryldy.