TÜRKMEN-MALAÝZIÝA IŞEWÜRLER MASLAHATY

photo

2015-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde ýerleşýän «MATRADE» sergiler we mejlisler merkeziniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň  döwlet we işewürlik toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi.

Işewürler maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ykdysadyýetleriniň häzirki ýagdaýyna we ileri tutulýan ösüş ugurlaryna syn berildi, şeýle hem pudaklar boýunça işewürlik duşuşyklary geçirilip, olarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi, ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde Ýangyç-energetika toplumy bellenilip geçildi. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän ýangyç-energetika toplumyndan başga-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk üçin köp sanly ugurlar kesgitlenildi, olarda taraplaryň tagallalaryny birleşdirmeklerine hem-de anyk we uly netijeleriň gazanylmagyna garaşylýar. Döwlet düzümleriniň we kärhanalarynyň arasynda önümçilik ulgamynda göni gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler meýilleşdirilýär. Bular energetika, aragatnaşyk, ulag we gaýtadan işleýän senagat ýaly ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudaklaryna, şeýle hem oba hojalyk önümlerini hem-de azyk pudagyny gaýtadan işlemek ulgamyna maýa goýumlaryny goýbermekdir. 

Duşuşykda, bank ulgamy, şäher gurluşygy we syýahatçylyk ýaly ugurlar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Şele hem, Maslahatda iki ýurduň arasyndaky özara haryt dolanyşygyny ösdürmek, bäsdeşlige ýokary ukyplylygy bilen tapawutlanýan eksporta ugrukdyrylan dürli türkmen önümlerini Malaýziýanyň bazarynda ýerlemek üçin degerli şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berildi. Malaýziýaly kärdeşlere ýokary hilli we ekologiýa taýdan howpsuz harytlar, şol sanda “Toprak”, “Altyn Hilal”, “Erkin gurluşyk” türkmen hususy kärhanalarynyň önümleriniň nusgalary görkezildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, şu gezekki duşuşyk ägirt uly ykdysady mümkinçilige eýe bolan iki dostlukly ýurduň arasynda oňyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar.