MALAÝZIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY HAKYNDA

2014-nji ýylyň iýun aýynyň 9-11 aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy esasynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Mohd Najib Tun Abdul Razak Türkmenistanda resmi saparda bolar.            

10-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Mohd Najib Tun Abdul Razagyň arasynda duşuşyk geçiriler we onuň barşynda iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklar boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Wekiliýetleriň giňeldilen düzümdäki duşuşygynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň giň ugry boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.

Türkmenistan we Malaýziýa dürli ulgamlar boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň anyk we açyk mümkinçiliklere eýedir. Taryhy we medeni gatnaşyklar, halkara syýasy giňişliginde iki ýurduň özüni işjeň alyp barmagy we halklaryň arasynda oňyn gepleşiklere ymtylmagy iki dostlukly ýurduň döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kesgitleýär.