Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Daşary işler ministri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Daşary işler ministri jenap Dato Sri Anifah Amany kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Malaýziýanyň ýolbaşçylar düzüminden Döwlet Baştutanymyza we tutuş ýurdumyzyň halkyna aýdan bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, Malaýziýada möhüm hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şunda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň uly ynama we ýokary düşünişmek derejesine eýedigi nygtlady.

Pursatdan peýdalanyp, myhman Aşgabadyň sazlaşykly ösüşine haýran galýandygyny, onuň ýyl-ýyldan barha gözelleşýändigini belledi. Paýtagtyň binagärlik keşbindäki oňyn özgertmeler döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň gülläp ösüşine gönükdirilen döredijilikli syýasatynyň oňyn netijesidir.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň biri bolan Malaýziýa bilen netijeli gatnaşyklary berkitmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ilerii tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Malaýziýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy soňky ýyllarda taraplaryň tagallasy netijesinde täze derejä çykan döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyz we myhman dürli ugurlardaky netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly kuwwatlyklaryň we giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin wajyp hasaplanylýan nebitgaz pudagy boýunça özara gatnaşyklar baradaky meseleleriň üstünde durup geçdiler.

DIM-niň ýolbaşçysy işjeň syýasy, söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada aýtmak bilen, milli Liderimiz iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegini üpjün edýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi barada aýtdylar.

Şunuň bilen birlikde, abraýly sebitara we halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan türkmen-malaý gatnaşyklaryna işjeň häsiýetiň mahsusdygy bellenildi. Iki ýurt hem ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda bolsa tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler boýunça garaýyşlaryň hem-de çemeleşmeleriň umumydygyny beýan edýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Malaýziýanyň daşary işler ministri birek-birege iň gowy awzuwlary aýdyp, milli bähbitleri hem-de dostlukly ýurtlaryň ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler

Duşuşyga Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Roseli bin Abdul gatnaşdy.