TÜRKMENISTANYŇ MALAÝZIÝADAKY ILÇIHANASYNDA “TÜRKMENISTAN – MALAÝZIÝA: DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ 30 ÝYLLYGY” ATLY KONFERENSIÝASY GEÇIRILDI

photo

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Türkmenistan – Malaýziýa: Diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy” atly konferensiýasy geçirildi.

Konferensiýa Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Malaýziýanyň Strategiki we halkara gözlegler institutynyň Dolandyryş ýolbaşçysy, bu ýurtda işleýän Ilçiler we diplomatlar, “ASTRO” halkara habar beriş agentliginiň Wise-prezidenti, Malaýziýanyň “BERNAMA” milli habarlar agentliginiň Halkara habarlar  departamentiniň ýolbaşçysy we Malaýziýadaky Ýokary okuw jaýynyň wekilleri hem-de ýerli telekeçiler gatnaşdylar.

Konferensiýany Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi açyp, ol öz çykyşynda 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, we medeni-ynsanperwer ugurlarda uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösýändigini aýtdy.

Maslahatda çykyş eden diplomatlar, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ýokary netijeliligini belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň sebitleýin howpsuzlyk syýasatyny doly durmuşa geçirmäge we Merkezi Aziýada hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýändigini nygtap geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllar içinde syýasy, ykdysady, medeni-ynsanper ugurlarda ýeten derejelerini görkezýän wideoşekiller görkezildi.