TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-de metbugat-brifingi geçirildi
2024-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şanly sene – türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleri, hususan-da Medeniýet ministrleriniň halkara maslahatyny, Aşgabadyň günortasynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyny hem-de beýleki çäreleri guramaga we geçirmäge bagyşlanan metbugat-brifingi geçirildi. Çäräni Tükmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşim...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
2024-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 - 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Bellenilen wagtda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kreml binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýanyň Prezidenti mähirli garşylady. Kremlden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuh...
Malaýziýada Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 8-nji maýynda Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetinde Türkmenistanyň Ilçihanasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Çärä uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde talyplar gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegine bagyşlanan kitabyň mazmuny barada giňişleýin maglumat al...
Türkmenistanyň DIM-de Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtamak bilen, medeniýet ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýanyň medeniýet-sungat işgärleriniň bilelikde işjeň gatnaşýan çäreleriniň ähmiýeti dogrusynda aýdyldy. Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň gat...
Görnükli halypa diplomatyň hormatyna dabaraly çäre
2024-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň 70 ýaş toýy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara he...
Türkmenistanyň DIM-de «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde «Türkmenistan-BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda Geňeşiň mejlisi öz işini iki sessiýanyň çäklerinde dowam etdi. Birinji sessiýanyň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026-2030-njy ýyllar üçin çarçuwaly Maksatnamasyny» (UNDAF) taýýarlamak boýunça öňde goýulan wezipeler bilen baglanyşykly meselel...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-njy mejlisine gatnaşmagy
2024-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki edara binasynda geçirilýän BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy. Agzalan mejlis «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» ady bilen geçirildi. Geçirilen çäre bilen bir hatarda, BMG-niň Baş Assamble...