TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda hanym Kallas Eýrandan öz ýurtlaryna gaýdan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlygyny beýan etdi. Taraplar Türkmen...
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy. Ýokary derejedäki duşuşyk bar bolan we täze sebitleýin parahatçylyk zolaklaryny döretmäge, olaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem döwletleriň we sebitleriň arasynda dostlukly gatnaş...
Serbiýa Respublikasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Belgrad şäherinde Prezidentiň köşgünde Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) E.Aýdogdyýewiň Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Ilçi E.Aýdogdyýew Serbiýanyň Baştutanyna we ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başly...
Türkmenistanyň we Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Lesoto Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Lesoto Patyşalygynyň Daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoaneniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara düzümleriň çägindäki hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem ministrler BMG-niň Deňze çykalgasy bo...
Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň Býujet we ykdysady meýilleşdiriş ministri bilen duşuşyk hakynda
2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň Býujet we ykdysady meýilleşdiriş ministri Abubakar Atiku Bagudunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Nigeriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işle...
Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-nyň “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammitine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Hankendi şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammitine gatnaşdy. Çäräniň dowamynda sammitiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, tagallalary utgaşdyrmak we durnukly, inklýuziw we deňagramly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ylalaşylan çözgütleri işläp düzmek üçin...