RSS

SOŇKY HABARLAR

4 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler we birek-biregi Oraza baýramy bilen gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, türkmen hem-de eýran halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler. Söh...

DOWAMY
4 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün, 3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanlary mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hoşniýetliligi, sahawatlylygy we belent ruhy-ahlak gymmatlyklary alamatlandyrýan bu nurana baýramyň iki ýurduň hem-de halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, külli musu...

DOWAMY
3 Maý

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ “ÖMRÜMIŇ MANYSY” ATLY NEŞIR EDILEN KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2022-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrüminň manysy” atly neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň professor- mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler «Ömrümiň manysy» atly täze edebi-filosofik eseriniň man...

DOWAMY
3 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI SEULDA GEÇIRILÝÄN XV BÜTINDÜNÝÄ TOKAÝ KONGRESINIŇ IŞINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 2-nji maýynda Seul şäherinde ministrler derejesindäki XV Bütindünýä Tokaý Kongresi öz işine başlady. Bu halkara maslahata dünýäniň 144 ýurdundan degişli pudaklaryň ministrleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetleriň agzalary, Seul şäherinde işleýän daşary ýurtlaryň Ilçileri we diplomatlary, şeýle-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmenistanyň wekiliýeti bu foruma göni sanly ulgam arkaly gatnaşýar. Kongressiň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletler...

DOWAMY
30 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKI TARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSÜŞ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Abu-Dabi şäherine bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginini nygtamak bilen, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgaml...

DOWAMY
30 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WE BAE-NIŇ PREZIDENTIŇ IŞLERI BOÝUNÇA MINISTRINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BAE-niň Abu-Dabi şäherine sapar bilen gitdi. Şol gün, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Prezidentiň iş...

DOWAMY
28 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistandaky Ysraýyl Döwletiniň täze bellenen Ilçisi hanym Bet-Iden Kaýt bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň başynda Ministr R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşine gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklary berkitmegiň, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy, diplomatiki, söwda-yk...

DOWAMY