RSS

SOŇKY HABARLAR

20 Mar

ÝURDUMYZDA ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 20-nji martynda Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda ýazky bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Umumymilli bag ekiş çäresine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdylar. Dabara  şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle...

DOWAMY
20 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WEZIPÄ GIRIŞMEGI MYNASYBETLI DABARA

2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde dabara gatnaşýanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary, milli parlamentiň iki palatasynyň agzalary we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň...

DOWAMY
19 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ NEŞE SERIŞDELER BOÝUNÇA KOMISSIÝASYNYŇ 65-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY

Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 14-18-nji martynda gibrid formatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeler boýunça komissiýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşdy. Türkmenistan 2020-2023-nji ýyllar döwürde bu Komissiýanyň agzasy bolup durýar. Neşe serişdelerine gözegçilik etmekde we bu ugurda halkara borçnamalary ýerine ýetirmekde ýüze çykýan soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin 128 döwletden, 19 hökümet...

DOWAMY
18 Mar

BAHREÝNIŇ PATYŞASY TÜRKMENISTANYŇ TÄZE SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY

2022-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti ýurdumyzda 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlary barada durup geçdi. Onuň jemleri boýunça türkmen döwletiniň...

DOWAMY
18 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ WISE-PREMÝERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY

2022-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilen netijelerine görä, Serdar Berdimuhamedo...

DOWAMY
17 Mar

HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY TÜRKMENISTANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY

2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezident...

DOWAMY
17 Mar

BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY

2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz kärdeşini mähirli mübärekläp, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi hem-de öz işini Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etjekdigini belled...

DOWAMY