RSS

SOŇKY HABARLAR

27 Ýan

BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TATAR IŞ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GECIRILDI

2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Mejlise Iş toparynyň türkmen we tatarystan düzümleriniň agzalary hem-de degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Iş toparyň türkmen böleginiň başlygy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, tatar böleginiň başlygy RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-minis...

DOWAMY
27 Ýan

HAZAR DEŇZINDÄKI «DOSTLUK» ÝATAGY HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ IŞLENILIP TAÝÝARLANYLMAGY HEM-DE YLALAŞYLMAGY BOÝUNÇA BILELIKDÄKI IŞ TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün, 27-nji ýanwarda «Hazar deňizdäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny işläp taýýarlamak we ylalaşmak boýunça Bilelikdäki Iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşyga Iş toparynyň türkmen we azerbaýjan taraplarynyň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda Iş toparynyň bilelikdäki başly...

DOWAMY
27 Ýan

KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň DIM-leriniň derejesinde s...

DOWAMY
27 Ýan

AŞGABATDA MOWZUKLAÝYN HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT WE SERGI GEÇIRILÝÄR

2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen forumyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisine Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym-bilim ulgamynyň...

DOWAMY
26 Ýan

METBUGAT ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Merdowyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimouň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine seredip geçdiler. Şeýle hem diplomat...

DOWAMY
26 Ýan

KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda diplomatlar şu ýylyň 25-nji ýanwarynda geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» onlaýn-sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýokarda görkezilen Forumyň barşynda Döwlet Baştutanlary tarapyndan beýan edilen başlangyçlaryň hem-de gazanylan ylalaşyk...

DOWAMY
26 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ ŽENEWADAKY HEMIŞELIK WEKILHANASY 2022-NJI ÝYLDA ÝURDUMYZYŇ DAŞARY SYÝASATYNDA ILERI TUTÝAN UGURLARYNA BAGYŞLAP BRIFING GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Ženewanyň (Şweýsar Konfederasiýasy) Halkara barlaglary we ösüş boýunça ýokary institutynda Türkmenistanyň 2022-nji ýylda we geljek döwürde daşary syýasatynda ileri tutýan ugurlaryna hem-de borçnamalaryna bagyşlap brifing geçirdi.    Bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen «Dialog – parahatçylygyň kepili» başlangyjynyň çäklerinde, şeýle-de 2022-nji...

DOWAMY