TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-nde ikitaraplaýyn resminama gol çekişlik dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişlik dabarasy geçirildi. Ylalaşyk Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we infrastruktura ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňelmäge ýardam berer. Resminama Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatda...
Ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Baştutanlaryna sowgatlar gowşuryldy
2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde geçirilen üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşygynyň hormatyna medeni çärä gatnaşdylar. Bu ýerde guralan dabara Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bilen başlandy. Şanly wakanyň hormatyna...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýokary derejeli Türkmenistan - Azerbaýjan - Özbegistan duşuşygynyň netijeleri boýunça metbugat wekillerine ÝÜZLENMESI
(Awaza, 2025-nji ýylyň 22-nji awgusty) Hormatly habar beriş serişdeleriniň wekilleri! Hormatly wekiliýet agzalary! Hanymlar we jenaplar! Üçtaraplaýyn duşuşyga çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti doganym Ilham Geýdar ogluna, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe uly hormat bilen çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Hak...
«Türkmenistan - Azerbaýjan - Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşyk
2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Türkmenistana sapar bilen gelmek we ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin doganlyk ýurtlaryň dö...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Belent mertebeli myhman Türkmenistan - Azerbaýjan - Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen geldi. Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbangul...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler
2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan - Azerbaýjan - Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly dö...
Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi bilen Malaýziýanyň Senatynyň Başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 21-nji awgustynda Kuala-Lumpur şäheriniň Parlament binasynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Senatynyň Başlygy Senator Dato Awang Bemee Bin Awang Ali Basahynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar syýasy-diplomatik ugurda özara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde parlamentara hyzmatdaşlygynyň...