RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Mar

TÜRKMENISTANYŇ MALAÝZIÝADAKY ILÇISI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY, BMG-NIŇ AZIÝA WE ÝUWAŞ UMMANY SEBITLERI BOÝUNÇA YKDYSADY WE DURMUŞ KOMISSIÝASYNYŇ (UNESCAP) ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş Ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynda (UNESCAP) Türkmenistanyň hemişelik wekili M.Maşalow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, UNESCAP-ň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiah Alisjahbana bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň başynda hanym Armida Türkmenistanyň Aziýa we Ýuwaş Ummany sebiti üçin Durnukly ösüş boýunça 10-njy forumynyň işine gatnaşandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk...

DOWAMY
pic
30 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WEZIPESINI ÝERINE ÝETIRIJINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ý. ý. Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletde doganl...

DOWAMY
pic
29 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY GEŇEŞMELER BARADA

2023-nji ýylyň 29-njy martynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplaryň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşit Meredow we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Bahtiýor Saidow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şol sanda öň ýetilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bir...

DOWAMY
pic
29 Mar

KOREÝA RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENI WE YLMY ÇÄRELERIŇ TOPLUMY BAŞLANDY

2023-nji ýylyň 29-31-nji mart aralygynda Koreýanyň Seul we Uejeongbu şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu çärelere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ýurdymyzyň degişli wekilleri, şol sanda  sungat ussatlary, alymlar, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşmak üçin Koreýada saparda bolýarlar. 2023-nji ýylyň 29-njy martynda Seulyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň aç...

DOWAMY
pic
29 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BRIFING GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Arkadag şäherine, bu taslamanyň Türkmenistan üçin uly ähmiýetine hem-de ony durmuşa geçirmegiň halkara ugurlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.  Duşuşyga daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, milli hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň belleýşi ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyý...

DOWAMY
pic
29 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZIÝA WE ÝUWAŞ UMMANY SEBITI ÜÇIN DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA 10-NJY FORUMYNYŇ IŞINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 27-30-njy martynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş Ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynda (UNESCAP) Türkmenistanyň hemişelik wekili M.Maşalow, Taýland Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirilýän Aziýa we Ýuwaş Ummany sebiti üçin Durnukly ösüş boýunça 10-njy forumynyň işine gatnaşdy.

DOWAMY
pic
29 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ysraýyl Döwletiniň ýokary dere...

DOWAMY