RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Maý

BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY, AZIÝA WE ÝUWAŞ UMMANY SEBITLERI BOÝUNÇA YKDYSADY WE DURMUŞ KOMISSIÝASYNYŇ (UNESCAP) ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 19-nji maýynda Taýland Patyşalygynyň, Bangkok şäherinde geçirilýän BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) 79-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaçylygyndaky Türkmen wekiliýeti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiah Alisjahbana duş...

DOWAMY
pic
19 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «KAZANFORUM 2023» FORUMYŇ ÇÄRELERINE GATNAŞÝAR

2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Tatarstanyň paýtagtynda «KazanForum 2023» halkara ykdysady forumyň ilkinji çäreleri öz işine başlady. Forumyň çäklerinde “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi barada” atly sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew çykyş etdi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň geografiki ýerleşişi bilen baglylykda, daşamala...

DOWAMY
pic
19 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY SI SZINPINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sian şäherine iş sapary bilen gelen HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi. HHR-iň Başlygy Si Szinpin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy HHR-e iş sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Şu günki ýokary derejedäki duşuşyk şu ýyldaky ikinji duşuşykdyr d...

DOWAMY
pic
18 Maý

BMG-NIŇ AZIÝA WE ÝUWAŞ UMMANY SEBITLERI BOÝUNÇA YKDYSADY WE DURMUŞ KOMISSIÝASYNYŇ (UNESCAP) 79-NJY MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE “ARAL DEŇZINIŇ TÜRKMENISTANA ÝETIRÝÄN TÄSIRI” ATLY UGURDAŞ ÇÄRESI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Taýland Patyşalygynyň, Bangkok şäherinde geçirilýän BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) 79-njy mejlisiniň çäklerinde “Aral deňziniň Türkmenistana ýetirýän täsiri” atly ugurdaş çäresi geçirildi. Agzalan çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiah Alisjahbana, Täjigistan Respublikasynyň, Özbe...

DOWAMY
pic
17 Maý

THE UN GENERAL ASSEMBLY, AT THE INITIATIVE OF TURKMENISTAN, PROCLAIMED NOVEMBER 26 AS THE WORLD SUSTAINABLE TRANSPORT DAY

The United Nations General Assembly, led by Turkmenistan's initiative, has proclaimed November 26 as World Sustainable Transport Day. This significant proclamation stems from the inaugural Global Conference on Sustainable Transport held in Ashgabat on November 26, 2016. The resolution endorsing this day was adopted by the UN General Assembly on May 16, 2023, during the 70th plenary meeting of its 77th session. Presenting the resolution "World Day of Sustainable Transport", the Permanent Re...

DOWAMY
pic
17 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI “RUSSIÝA – YSLAM DÜNÝÄSI: KAZAN FORUM2023" HALKARA YKDYSADY FORUMA GATNAŞÝAR

Şu gün, 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda, “Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023" atly XIV halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Kazana geldi. Forumyň maksady Russiýanyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny berkitmekden ybarat bolup durýar. Çäräniň maksatnamasyna onlarça...

DOWAMY
pic
17 Maý

RF-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi. Duşuşygyň başynda RF-nyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. W.Hajiýew Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, täze wezipesinde alyp barjak işlerinde ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny nygtady. Diplo...

DOWAMY