RSS

SOŇKY HABARLAR

11 Iýul

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Soňky günlerde rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýa gatnaşykda barlanylmadyk we ygtybarly bolmadyk habarlar ýaýradylýar. Hususan-da, RBK (РБК) teleýaýlymy tarapyndan, göýä Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedine harby tehnikasyny we artileriýasyny çekýändigi babatyndaky hakykata laýyk gelmeýän maglumat ýaýradyldy, bu bolsa ýeňil şöhrata kowalaşylan wagtynda galp habardan başga zady aňladýan däldir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň...

DOWAMY
9 Iýul

TÜRKMENISTAN WE GYRGYZYSTAN IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY IŞJEŇ ÖSDÜRÝÄR

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň adyndan hat gelip gowuşdy. Hatda Gyrgyzystanyň Baştutanynyň golaýda Aşgabada bolan resmi saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Şunlukda hatda şeýle diýilýär: «Saparyň çäklerinde guralan çäreleriň, hususan-da, Siziň bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeli hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçmegi gyrgyz-türkmen doganlyk gatnaşyklaryny...

DOWAMY
9 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI KUWEÝT DÖWLETINIŇ PREMÝER-MINISTRINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Şeýh Sabah Halid Al-Hamad Al-Sabaha Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki (oturýan ýeri Abu-Dabi ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabara Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Köşgünde geçirildi. Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministrine Türkmenistanyň Prezi...

DOWAMY
8 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WE MAROKKO PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY DEREJESINDE SYÝASY MASLAHATLAŞMALAR GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-marokkan syýasy maslahatlaşmalar geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, marokkan tarapyna bolsa Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan marokkolylaryň işleri boýunça ministri Nasser Buritan ýolbaşçylyk etdi. Maslahatlaşmanyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mes...

DOWAMY
8 Iýul

TURKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSDÜRILMEGI ILERI TUTULÝAR

Şu gün, 8-nji iýulda türkmen paýtagtynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary aragatnaşyklar komitetiniň başlygy Ý.Grigorýewiň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy...

DOWAMY
8 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Berdimyrat Rejepow Warşawa şäheriniň “Belweder” köşgünde Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda Türkmenistanyň Polşa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Berlin şäheri) hökmünde özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabaranyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Polşa Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýo...

DOWAMY
7 Iýul

ITALÝAN KOMPANIÝALARY ÜÇIN TÜRKMENISTANYŇ TANYŞDYRYŞY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 7-nji iýulynda göni wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly italýan kompaniýalary üçin «Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» ýurt tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Tanyşdyryş maslahatynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew we italýan wekiliýetine - Italýan Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Manlio Di Stefano ýolbaşçylyk etdiler.  Duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň Mal...

DOWAMY