RSS

SOŇKY HABARLAR

9 Dek

TÜRKMENISTAN TUTUŞ DÜNÝÄ ÝURTLARYNA YNSANPERWER KÖMEGINI BERMEGINI DOWAM EDER

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna goýumlaryň yglan edilmegi boýunça ýokary derejeli çärede çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň we onuň Prezidentiniň tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan dünýä ýurtlaryna ynsanperwer kömeginiň berilmegi boýunça berk ygrarlylygyny tassyklady. Hususan-da, ynsanperwerlik gymmatlyklaryna we adamkärçiligiň ýokary ýörelgelerine eýermek bilen Türkmenistan goňşy ýurtlaryna,...

DOWAMY
8 Dek

Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynyň gurnamagynda "Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany" şygary bilen bellenilýän ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan baradaky wideorolikler Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäheriniň merkezi köçesi bolan Jalan Ampang köçesiniň ugrundaky monitorlarynda ýerleşdirildi we 2020-nji ýylyň 7-13-nji dekabry aralygynda ýaýbaňlandyrylýar. Wideorolikler ýerli wagt bilen irden sagat 07:00-dan gije sagat 02:00-a çenl...

DOWAMY
8 Dek

TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ ÝOKARY DEREJELI ÇÄRESINE GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite rezolýusiýasyna laýyklykda 15 ýyl ozal döredilen Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna goýumlaryň yglan edilmegi boýunça ýokary derejeli çäre geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça bu foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministri gatnaşdy. Ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň çykyşynda Türkmenistanyň we onuň Prezidentiniň ynsanperwerlik ýörelgelerine...

DOWAMY
8 Dek

«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ AZERBAÝJAN DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda, Türkmenistanyň baky Bitaraplyk derejesiniň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary hem-de talyplary,...

DOWAMY
7 Dek

TÜRKMENISTANYŇ MALAÝZIÝADAKY ILÇIHANASYNDA “TÜRKMENISTAN – MÜMKINÇILIKLERIŇ ÝURDY” ATLY SERGISI GEÇIRILDI

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy” atly Sergisi gurnalyp geçirildi. Sergini Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi açyp, ol öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyr...

DOWAMY
7 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNYŇ UKRAIN DILINDÄKI TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ukrain dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda neşir edilen bu kitap, türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini alamatlandyrmak bilen, ukrain dilli okyjylar üçin özboluşly sowgat we gollanma boldy.  Tanyşdyrylyş d...

DOWAMY
5 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” KITABYNYŇ GRUZIN DILINDÄKI TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2020-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň gruzin dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda neşir edilen bu kitap, türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini alamatlandyrmak bilen, gruzin dilli okyjylar üçin özboluşly sowgat we gollanma boldy.  Tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzy...

DOWAMY