TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ KABULDAKY ILÇISI OWGANYSTANYŇ DIM-DE GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Muttaki bilen duşuşygy geçirildi. Owgan daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyna hem-de halkyna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny beýan etdi. Şonuň ýaly-da ýeňil bolmadyk döwürde owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer hemaýaty üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Duşuşygyň barş...
TÜRKMENISTAN GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNY GIŇDEN BELLÄP GEÇDI
Türkmen halky Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny bitewilik we jebislik ruhunda özboluşly joşgun bilen garşylady. Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýubileý ýyly Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhy senenamasyna täze şöhratly sahypalary girizdi. 27-nji sentýabrda ýurduň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda gurlup, ulanylmaga berlen Döwlet Münberiniň toplumynda geçirilen baýramçylyk ýörişi Watanymyzyň garaş...
BAKY BIRATARAP WE GARAŞSYZ TÜRKMENISTANA 30 ÝYL!
Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynyň gurnamagynda "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" şygary bilen bellenilýän ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylyň 26-njy we 27-nji sentýabrynda günüň agşamky ýarymynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki uzynlygy boýunça günorta-güdogar aziýada 1-nji orunda we dünýäde 7-nji orunda hem-de boýy 421 metr bolan, “Menara Kuala Lumpur (KL Tower)” telediňi Türkmenistanyň milli baýdagynyň reňkleri b...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «GARAŞSYZLYK - BAGTYMYZ» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, mugallymlar we talyplar, şeýle hem ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş...
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DÜNÝÄNIŇ DÜRLI ÝURTLARYNDA ÇÄRELER GEÇIRILÝÄR
2021-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçihanalary we konsullyklary tarapyndan maslahatlar, forumlar, sergiler, konsertler we başga-da ençeme çäreler gurnalýar. Şeýlelikde, 23-nji sentýabrda Hyrat şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsullygy tarapyndan bu şanly senä bagyşlanyp maslahat geçirildi. Oňa Hyrat we Badhyz welaýatlarynda ýaşaýan türkmen kowç...
HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK SPORT TOPLUMYNDA BAÝRAMÇYLYK DABARALARY GEÇIRILD
2021-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu ýerde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan at çapyşyklar guraldy. Baýramçylyk dabaralaryna Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýo...
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYK ÝUBILEÝINE BAGYŞLANAN ÇÄRELER
2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda türkmen halky döwletimiziň baş baýramlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçýär. Baýramçylyk güni Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle-de gül goýmak dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglow, ýurdumyzda işleýän diplomatik weki...