SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA ARGENTINA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI AKKREDITIRLENDI
2023-nji ýylyň 23-nji martynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Antonio Zuaýndan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň ugry boýunça işjeň ösdürilýän dostlukly we geljegi uly döwletara gatnaşyklar ulgamynda üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň çäklerinde diplomat ýurdumyzyň d...
ARGENTINA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen, Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen, Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Eduardo Antonio Zuaýnyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurylyşyň çäklerinde Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hemaýat etmäge we goldaw bermäge ta...
TÜRKMENISTAN UKRAINA YNSANPERWER KÖMEGI IBERDI
Türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, ynsanperwerlik we raýdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, 2023-nji ýylyň 22-nji martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky hossarlyga mätäç çagalara kömek haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň çagalaryna ynsanperwer ýüki iberildi. Ukraina iberilen ynsanperwer ýüki derman serişdelerinden we lukmançylyk enjamlaryndan, dokma we dürli azyk önümlerinden ybarat.
YSRAÝYLYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÖZ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 22-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ysmaýyl Haldi bilen duşuşyk geçirdi we onuň dowamynda ynanç hatlarynynyň nusgalaryny kabul etdi. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ilçini bu wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki işiniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň çäklerinde diplomatlar özara gyzyklanma b...
TÜRKSOÝ BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNA SEREDILDI
2023-nji ýylyň 22-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de esasy ugurlary kesgitlenildi. 2023-nji ýylda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň 30-ýyllygynyň bellenilmegi nukdaýnazaryndan, TÜRKSOÝ-yň agza ýurtlarynda meýilleşdirilýän möhüm çäreler...
Malaýziýanyň Kuala Lumpur şäheriniň Häkimi Datuk Seri Mahadi Çe Ngah bilen duşuşyk
2023-nji 23-nji martynda Malaýziýanyň Kuala Lumpur şäheriniň häkimliginiň (Dewan Bandaraya Kuala Lumpur, DBKL) edara binasynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow bilen Kuala Lumpur şäheriniň Häkimi Datuk Seri Mahadi Çe Ngahyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäheri barada Kuala Lumpur şäheri...
TÜRKMENSTAN BILEN HALKARA ATOM ENERGIÝASY AGENTLIGIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYK UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Halkara Atom Energiýasy Agentligiň Baş direktory M.Grossiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu Agentligiň Baş binasynda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň işjeň alnyp barylýandygyna oňyn baha berdiler. Şeýle hem IAEA tarapyndan dolandyrylýan halkara resminamalaryň ähmiýetine üns berildi. Şol bir wagtyň özünde, saglygy goraýyş, azyk howpsuzlygy we oba hojalygy ugu...