SOŇKY HABARLAR
DIM-DE BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we BSG-niň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewralynda BSG-niň Baş geňeşiniň dowamynda...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ WISE-PREZIDENTINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlag hatyny hem-de hormatly Prezidentimize özi...
TÜRKMENISTAN — TÜRKIÝE: ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR
2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgam boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini aýratyn nyg...
AŞGABATDA ALTYNJY HAZAR SAMMITI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler döredildi. Sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Res...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
Şu gün, 29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Arkadag” myhmanhanasynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýew bilen duşuşdy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ýüzbe-ýüz duşuşykda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler, bu gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şu ýyl 30 ýyl dolýar. B...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz hem-de rus Lideri mähirli salamlaşyp, ugurlaryň giň gerimi boýunça okgunly ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Prezident Wladimir Putin Milli Geňeşiň Halk Maslahatyn...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Altynjy Sammitine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. Birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, söhbetdeşler ýüzbe-ýüz duşuşyp, döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we onuň geljekki ösüşini, şeýle hem iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm...