TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2024-nji ýyl - Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA GÜMRÜK GULLUKLARYNYŇ MAGLUMAT ALYŞMAK BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Aşgabat şäheriniň «Аrçabil» myhmanhanasynda Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalarynyň arasynda maglumat alyşmak boýunça iki günlük sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň, Bütindünýä gümrük guramasynyň, Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň birnäçe gümrük gulluklarynyň ygtyýarly wekilleri gatnaşýarlar. Okuw maslahatynyň 1-nji gününde oňa gatnaşyjylar dünýäniň gümrük gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaş...
STAMBULDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY BILEN BAGLY TEGELEK STOL MASLAHATY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy (Ankara ş.) we Baş konsullugy (Stambul ş.) tarapyndan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyn Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde, Türkiýäniň palatar we biržalar bileleşiginiň Stambul şäherindäki edara binasynda, üstümizdäki ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýhatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumy bilen bagly tegelek stol maslahaty geçirildi. Tegelek stol maslahatyna Tü...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GURNALDY
2019-njy ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň maslahatlar zalynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing gurnaldy. Bu çärä Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maýa goýum we daşary söwda ministrliginiň, Ykdysadyýet ministrliginiň, Ulag ministrliginiň, Strategiki we sebitara barlaglar institutynyň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Özbegi...
SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANYP METBUGAT MASLAHATY GEÇIRILDI
019-njy ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasynda, üstümizdäki ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahata Saud Arabystany Patyşalygynda ýerleşen diplomatik wekilhanalaryň, halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri, şeýle hem Patyşa Faýsal adyndaky yslamy öwreniş we ylmy-barlaglar merkeziniň, Ylmy aragatnaşyk we gö...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE STRATEGIKI DIALOG BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa boýunça strategiki barlaglar merkeziniň (NESA) bilermenleriniň gatnaşmagynda Günorta we Merkezi Aziýada ABŞ-nyň howpsuzlyk syýasaty boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahatynyň işine Türkmenistanyň Daşary işler, Goranmak, Milli howpsuzlyk ministrliklerinden we Döwlet serhet gullugyndan wekiller gatnaşýarlar. Okuw maslahatynyň dowamynda ABŞ-nyň Merkezi we Günort...
21-22-NJI MAÝDA «АWAZA» MILLI SYÝAHATÇYYK ZOLAGYNDA X HALKARA GAZ KONGRESI GEÇIRILER
2019-njy ýylyň 21-22-nji maýynda «Аwaza» Milli syýahatçyyk zolagynda X Halkara gaz kongresi geçiriler. «Тürkmengaz» Döwlet konserni we «Тürkmen forum» hojalyk jemgyýeti bu ýöriteleşdirilen forumyň guramaçylary bolup çykyş edýärler. Geçiriljek kongress ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenlerini, halkara guramalarynyň, innowasion merkezleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň wekillerini, şeýle hem köpçülikleýin habar...
TÜRKMENISTAN BILEN TUNIS IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ UGRUNDA
2019-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) jenap Mohammed Ali Şihi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gepleşikleriň, hususan-da syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gepleşikleriň barha artandygyny kanagtlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň degi...