TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA BILIM WE SPORT BOÝUNÇA HALKARA SERGI WE YLMY MASLAHAT GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 14-nji noýabrynda Aşgabatda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Onuň işine kompýuter, multimediýa tehnikasyny, mekdep mebelini, okuw-görkezme esbaplaryny, barlaghana enjamlaryny, sport serişdelerini öndürmek, programma üpjünçiligini taýýarlamak bilen meşgullanýan meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň 50-den gowragy gatnaşýar. Forum şeýle hem ministrlikleriň, esasy bilim, sport edaralarynyň, guramalaryň,...
ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ OKUW MASLAHATYNDA ŽURNALISTIK BILIMIŇ DÖWREBAPLAŞDYRYLMAGY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 13-14-nji noýabrynda Aşgabatda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň gurnamagynda okuw maslahaty geçirildi. Žurnalistika bilimine bolan döwrebap çemeleşmeler maslahatyň baş temasy bolup çykyş etdi. Bu iki günlük çärä dört ýokary okuw jaýyndan žurnalistika mugallymlary, çap, teleradio we onlaýn KHBS-den žurnalistler, şeýle-de Adalatçynyň diwanyndan, Bilim ministrliginden we Türkmenistanyň beýleki degişli edaralaryndan wekiller gatnaşdylar. Okuw maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip,...
ADALATÇYNYŇ DIWANY BILEN BEÝLEKI EDARALARYŇ HYZMATDAŞLYGY TÜRKMENISTANDA ÝHHG-NIŇ OKUW MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
2019-njy ýylyň 12-13-nji noýabrynda Aşgabatda ösüş ugrunda hyzmatdaşlygy berkitmäge we Türkmenistanda adam hukuklaryny goramaga gönükdirilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň ministrliklerinden we pudak edaralaryndan, şol sanda, Adalatçynyň diwanyndan, Içeri işler ministrliginden, Mejlisden, Ýokary Kazyýetden, Adalat ministrliginden, Aklawjylar kollegiýasyndan, Baş Prokuraturadan we Bilim ministrliginden wekiller gatnaşdylar. ÝHHH-niň demokratik institutlary we adam...
GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ WEKILLERI TERRORÇYLYGA GARŞY HYZMATDAŞLYK BARADA PIKIR ALYŞDYLAR
2019-njy ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “GDA gatnaşyjy döwletleriň terrorçylyga garşy göreşmek babatyndaky hyzmatdaşlygy: umumy çagyryşlar we howplar” temasy boýunça geňeşmeler geçirildi. Duşuşyga Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar. Gatna...
KATAR DÖWLETINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Katar döwletiniň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mubarak Abdurrahman Mubarak Al-Nasr bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatlar birek-birege hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-katar gatnaşyklarynyň yzygiderli ösüşini kanagatlanarly bellediler. Iki ýurduň syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-yns...
AŞGABATDA HALKARA ULAG WE ÜSTAŞYR GEÇELGÄNI DÖRETMEK BARADAKY YLALAŞYGYŇ IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň hökümetleriniň arasynda Halkara ulag we üstaşyr geçelgäni döretmek baradaky Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Iş toparynyň ikinji mejlisi öz işine başlady. Aşgabat şäherine bu duşuşygyň işine gatnaşmak üçin Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň öňdebaryjy hünärmenleri ýygnan...
TÜRKMEN WEKILIÝETI NAÝROBIDE BMG-NIŇ ILAT GAZNASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞÝAR
2019-njy ýylyň 12-14-nji noýabrynda Keniýanyň Naýrobi şäherinde reproduktiw saglyk, gender deňligi we enäniň saglygyny goramak pudagy boýunça üç günlük global sammit geçirilýär. Keniýa we Daniýa Hökümetleri BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde bu Sammitiň guramaçysy bolup çykyş etdiler. Naýrobide geçirilýän sammite ýokary derejeli wekiller– döwlet baştutanlary, parlament wekilleri, bilermenler hem-de hökümete degişli däl guramalaryň we raýat jemgyýeti guramalarynyň wekilleri gatnaşýar. Bu fo...