img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Dek

TÜRKMENISTANYŇ MALAÝZIÝADAKY ILÇIHANASYNDA “TÜRKMENISTAN – MÜMKINÇILIKLERIŇ ÝURDY” ATLY SERGISI GEÇIRILDI

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy” atly Sergisi gurnalyp geçirildi. Sergini Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi açyp, ol öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyr...

DOWAMY
pic
7 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNYŇ UKRAIN DILINDÄKI TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ukrain dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda neşir edilen bu kitap, türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini alamatlandyrmak bilen, ukrain dilli okyjylar üçin özboluşly sowgat we gollanma boldy.  Tanyşdyrylyş d...

DOWAMY
pic
5 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” KITABYNYŇ GRUZIN DILINDÄKI TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2020-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň gruzin dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda neşir edilen bu kitap, türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini alamatlandyrmak bilen, gruzin dilli okyjylar üçin özboluşly sowgat we gollanma boldy.  Tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzy...

DOWAMY
pic
4 Dek

AKINA ŞÄHERÇESINDE TÜRKMEN TARAPYNYŇ GOLDAW BERMEGINDE TÄZE METJIT GURULDY

Şu gün, 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda türkmen tarapynyň owgan halkyna dostlukly goldawynyň nyşany hökmünde Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde gurlan metjidiň açylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 2018-nji ýylyň noýabrynda 500 orunlyk metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Bu karar Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy, şol sanda doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömeginiň...

DOWAMY
pic
3 Dek

TÜRKMEN-MALAÝ “TEGELEK STOL” MASLAHATY

2020-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ykdysady, söwda gatnaşyklary işjeňleşdirmek we ony döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek maksady bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly Türkmen-Malaý “Tegelek stol” maslahaty geçirildi. “Tegelek stol” maslahatyna, Malaý tarapyndan Malaýziýadan Halkara Söwda we Senagat ministrliginiň, Malaýziýanyň Daşary Söwda ösüşi Korporasiýasynyň (MATRADE), Malaýziýanyň Milli S...

DOWAMY
pic
3 Dek

TÜRKMENISTAN ÝHHG-NIŇ ÇÄKLERINDE YNSANPERWERLIK UGRY BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYK ETMÄGE YGRARLYDYR

ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen mejlisinde demokratiýanyň, kanunyň hökmürowanlygynyň we şahsy erkinligiň gymmatlyklarynyň saklanylmagy boýunça bilelikdäki hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri has demoktarik we parahatçylykly ýewroatlantiki hem-de ýewraziýa sebitiniň döredilmegi ugrunda çykyş edýän ÝHHG-niň çäklerindäki işleriň ynsanperwerlik ölçeglerine aýratyn üns berdi. Ministr Meredow ÝHHG-niň çäkler...

DOWAMY
pic
3 Dek

TÜRKMENISTAN ÝHHG-NIŇ PLATFORMASYNDA TEBIGATY GORAMAK WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI MESELELERI BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇELDILMEGINI TEKLIP EDÝÄR

Şu gün, onlaýn görnüşinde geçirilýän ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň mejlisinde çykyş etmek arkaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow tebigaty goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň derwaýyslygyny aýratyn belläp geçdi. Mälim bolşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy – ýurtlaryň ÝHHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ekologiýa meseleleriniň netijeli we gaýragoýulmasyz çözgütleriniň gözlenilmeginiň zerurlygyny...

DOWAMY