img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANYP SPORT ÝARYŞLAR GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 15-16-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda billiard, 400 metr aralyga ylgamak we basketbol boýunça ýaryşlar geçirildi. Bu şanly sene Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2009-njy ýylda döredildi. Bu ýyl ýurdumyz şanly senäni, ýagny özüniň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyll...

DOWAMY
pic
14 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ ARASYNDAKY 2016-2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN ÖSÜŞ MAKSATLARYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNYŇ ÇÄKLERINDE MEJLIS GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky 2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş maksatlarynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň Milli ýolbaşçylyk ediji hem-de utgaşdyryjy komitetiniň (ÖHÇM) nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň weki...

DOWAMY
pic
13 Few

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisiniň we Malaýziýanyň Daşary işler ministriniň arasynda hoşamaýlyk duşuşygy geçirildi

Malaýziýanyň Daşary işler ministri jenap Dato’ Saifuddin Abdullah bilen Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisiniň arasynda 2020-nji ýylyň 13-nji fewralynda Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginde hoşamaýlyk duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň 11-12 dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň Premýer-ministri Tu...

DOWAMY
pic
13 Few

МЕЖДУ ТУРКМЕНИСТАНОМ И ГРЕНАДОЙ УСТАНОВЛЕНЫ ДИПЛОМАТИЧЕСКИЕ ОТНОШЕНИЯ

13 февраля 2020 года в Москве в здании Посольства Туркменистана в Российской Федерации состоялась церемония подписания Совместного коммюнике об установлении дипломатических отношений между Туркменистаном и Гренадой. Перед церемонией подписания состоялись переговоры между Чрезвычайным и Полномочным Послом Туркменистана в Российской Федерации Батыром Ниязлиевым и Чрезвычайным и Полномочным Послом Гренады в Российской Федерации Олегом Фирером. Стороны обменялись мнениями по перспективам двусторо...

DOWAMY
pic
13 Few

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝB–MERKEZI AZIÝA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2020-nji ýylyň12-13-nji fewralynda Brýusselde daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB–Merkezi Aziýa iş toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Maslahatyň işine Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi  we suw serişdeleri ulgamlarynyň hünärmenleri we bilermenleri gatnaşdylar.   Maslahat daşky gurşaw we suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ÝB–Merkezi Aziýa platformasynyň çäklerinde guralan bolup...

DOWAMY
pic
13 Few

SANKT-PETERBURG ŞÄHERINIŇ GUBERNATORYNYŇ AŞGABADA SAPARY

2020-nji ýylyň 12-nji fewralynda Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglowyň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasýasynyň wekilçilikli wekiliýeti Aşgabada geldi. 13-nji fewralda günüň birinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bile...

DOWAMY
pic
13 Few

ÝHHG WE BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY MÜDIRLIGINIŇ WENA ŞÄHERINDE BILELIKDE GEÇIREN MASLAHATYNYŇ ÇÄKLERINDE “ZORLUKLY EKSTREMIZMIŇ ÖŇÜNI ALMAK WE TERRORÇYLYGA GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ MILLI STRATEGIÝASYNA” BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRLIDI

2020-nji ýylyň 12-nji fewralynda Awstriýanyň Wena şäherinde ÝHHG, BMG-niň Terrorçylyga garşy müdirligi bilen bilelikdäki terrorçylyga garşy ýokary derejeli sebitleýin maslahatynyň çäklerinde “Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020–2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli strategiýasyna” bagyşlanan çäre geçirlidi. Bu çäre Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, ÝHHG we BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebi...

DOWAMY