TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2024-nji ýyl - Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
SOŇKY HABARLAR
Päkistanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy
2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Päkistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Ahsan Wagan bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi. Ministr Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny aýtdy. Öz gezeginde Ilçi umumy bähbitlere we maksatlara gabat gelýän iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy mun...
BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň we sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň we bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine BMG-niň 2026-2030-njy ýyllar döwür üçin Durnukly ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň täze tapgyry üçin Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlary, şeýle-de DÖM-lere ýetmegi çaltlandyrmagyň ählumumy mümkinçilikleri ýaly mes...
Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Angola Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (ýaşaýan ýeri Moskwa ş.) Auguştu da Silwa Kunýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda A.Gurbanow Ilçini ýokary wezipä bellenmegi mynasybetli gutlamak bilen, oňa üstünlikler we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek boýunça alyp barjak işinde rowaçlyklar arzuw etdi. Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn syýas...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisler otagynda durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary derejeli mejlis geçirildi
2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisler otagynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary derejeli mejlis geçirildi. Durnukly ösüş hepdeliginiň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy D.Frensis tarapyndan çagyrylan mejlise ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ulag pydagynyň milli ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň agza döwletleriniň diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we w...
Malaýziýanyň Tenaga Nasional (UNITEN) uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” we “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy, Malaýziýanyň Tenaga Nasional (UNITEN) uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” we “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdiler. Dabara, Malaýziýanyň Tenaga Nasional (UNITEN) uniwersitetiniň professorlary, mugallymlary we uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdy. Çäräniň dowamynda talyplar ýurdumyzyň...
TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we Hökümetara komissiýanyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini döretmekde we giňeltmekde Türkmenistanyň işjeň orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ulag-üstaşyr ge...
Ankarada Türkmenistanyň Prezidentiniň türk dilinde neşir edilen «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasynyň Türki dünýäsiniň binagärler we inženerler bileleşigi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türk dilinde neşir edilen «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, Türkiýäniň syýasy-jemgyýetçili...