TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Gurluşyk we binagärlik žurnaly pudaklaýyn ösüşiň konsepsiýalary barada
“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy, bu neşir giň okyjylar köpçüligine ýurdumyzyň şähergurluşygy ulgamynda täze taslamalary we meýilleri beýan edýär, taslama düzmek, inžener-gurluşyk tehnologiýalary, desgalaryň seýsmiki howpsuzlygy, tebigat dizaýny işleri boýunça meseleleri şöhlelendirýär. Žurnalyň her sanynda Türkmenistanyň binagärlik-gurluşyk toplumynyň üstünlikleri we ýeten sepgitleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan...
Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Orta asyr türkmen şäherleri – lukmançylyk ylymlarynyň merkezi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewraldaky mejlisinde Mary welaýatyndaky Daňdanakan galasynda alymlaryň tapan täze arheologik tapyndylaryň taryhy ähmiýetini nygtady. Mary şäheriniň günbatarynda ýerleşýän bu orta asyr ýadygärligindäki arheologik tapyndylar Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça işleriň çäginde alnyp barylýar. Bu ýerde köp sanly aýna önümleriň bölekleri we saklanyp galan aýna gaplar, şeýle hem birnäçe ownuk meta...
Türkmenistanyň Prezidenti Harby-Howa Güýçleriniň tehniki enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow howa hüjüminden goranyşyň wagtlaýyn okuw meýdançasyna gelip, onuň tehniki enjamlaşdyrylyşy hem-de Howa hüjüminden goranyş goşunlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Türkmenistan döwrüň talaplaryna hem-de diňe goranyş häsiýete eýe bolan Harby doktrina laýyklykda Milli Goşunymyzyň ösüşini üpjün edip, öz Bitaraplyk derejesine yzygiderli ygrarlydyr. Döwletimiziň netijeli daşar...
TÜRKMENISTAN HALYÇYLYK WE AHALTEKE ATÇYLYK SUNGATYNY BÜTINDÜNÝÄ MIRASYNYŇ SANAWYNA GIRIZMEK BOÝUNÇA DEGIŞLI IŞLERI GEÇIRÝÄR
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen iri edaralary bilen netijeli aragatnaşyklaryň berkidilmegine, bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (UNESKO) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. 2017-nji ýylyň dekabrynda Küştdepdi aýdym we tans dessury Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki...
Bagy-bossanlyga büremegiň ýazky we güýzki möwsümleriniň barşynda 3 million düýp nahal oturdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2018-nji ýylda: ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý hem-de Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 1,5 million düýp nahalynyň; welaýatlaryň häkimliklerine welaýatlaryň çäginde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ministrliklere, pudaklaýyn...
2018-nji ýylda 2030 tonna çig pile öndüriler
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2018-nji ýylda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda 2030 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy. Dokma senagaty ministrligi welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şertnamalary baglaşmaga, welaýatlaryň daýhan birleşiklerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün etmäge borçly edildi. Welaýatlar...
Türkmenistanyň Prezidenti we Hindistanyň ilçisi TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlanyny ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azar Abul Hasan Hany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli sözlerini we ähli ugurlarda türkmen-hindi gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygy ba...