TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň umumy ýygnagyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmynyň wekilleriniň umumy ýygnagyna gatnaşdy. Onuň gün tertibine TYA-nyň ýolbaşçy düzümini saýlamak meseleleri girizildi hem-de strategik döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek babatda ýurdumyzyň ylmyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze guruljak dürli maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Olary paýtagtymyzy toplumlaýyn gurmagyň, şäher düzümini ösdürmegiň çäklerinde gurmak meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň çäklerinde ak mermerli paýtagtymyz täze gurlan desgalarynyň gerimi we ajaýyplygy bilen uly täsir galdyrýar. Soňky ýyllarda onuň binagärlik toplumyna täze taryhy döwrüň hem-de milli Liderimiziň ýöredýän döwlet syýasatyny...
“Ahal” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşlara ynamly başlady
Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medalyna hem-de ýurdumyzyň Kubogyna eýe bolan “Ahal” topary “AFK-nyň Kubogy - 2018” ýaryşynda 23-nji ýanwarda Bişkekde ilkinji saýlama duşuşygyny geçirdi.Biziň toparymyz Gyrgyzystanyň Kubogynyň eýesi Bişkegiň “Dordoý” topary bilen duşuşdy. Biziň futbolçylarymyz oýny ynamly başlap, eminiň jürlewgi ýaňlanandan soň köp wagt geçmänkä, pökgini bäsdeşleriniň derwezesine geçirmegi başardylar. Süleýman Muhadow bu duşuşykda ilkinji pökgini geçirdi. Oýnuň netijeli baş...
Parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek çäreleri başlanýar
Aşgabatda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere bagyşlandy. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işgärleri, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we...
Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Harytlar üçin serhet ýok
Ýüpek ýoly ägirt uly Ýewraziýa giňişliginde söwdany we ykdysadyýeti ösdürmegiň kuwwatly itergi beriji güýji bolup hyzmat etdi, ençeme halklaryň arasynda medeni we ylmy gatnaşyklar ýola goýulmagyna ýardam berdi. Türkmenistan şu işde uly orun tutdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen ýurdumyzda 2018-nji ýylyň yglan edilen şygary türkmen topragynyň üstünden geçen hem-de onuň goýnunda ähmiýetliliginiň gymmatly subutnamalaryny goýan bu taryhy ýoluň aýratynlygyna çuňňur d...
“Milli goşun” žurnalynyň nobatdaky sany okyjylary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň üstünlikleri bilen tanyşdyrar
Goranmak ministrligi tarapyndan ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, şeýle hem harby gullukçylaryň edebiýat başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen neşir edilýän “Milli goşun” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalda goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyza laýyklykda edermen esgerlerimiziň ýurdumyzyň howpsuzlygyny berkitmekdäki ähmiýeti açylyp görkezilýär. Onda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...
Türkmenistanyň Prezidenti we Hindistanyň Ilçisi hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nagendra Prasady kabul etdi. Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallygyny bildirip, Hindistanyň Türkmenistanyň Baştutanynyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny aýtdy. Bu syýasat türkmen Lideriniň sebitde hem-de dünýäde parahatçylygyň, durnuklylyg...