img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Okt

Daşary işler ministrliginde ýaş diplomatlar üçin okuw maslahaty geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň ýaş diplomatlary üçin okuw maslahaty geçirildi. Onda esasy lektor hökmünde Awstriýa Respublikasynyň Wena Diplomatiýa akademiýasynyň professory Markus Kornprobst çykyş etdi.  Okuw maslahatynyň başynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory hem-de Awstriýanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gerhard Saýller gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Maslahat okuw we tejribe sapa...

DOWAMY
pic
8 Okt

Täze döwrebap obalar hem-de kärhanalar bilen ýurdumyzyň geljegi kemala gelýär

Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde täze döwrebap obalaryň hem-de Bäherden etrabynda çeper halyçylyk kärhanasynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan hem-de “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz aýdyň beýanyny tapan durmuş ugurly syýasatyň rowaçlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Döwlet Baştutany...

DOWAMY
pic
7 Okt

Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşini ykrar etdi

2018-nji ýylyň 1 — 5-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda hanym Natalýa Tamirisanyň ýolbaşçylygyndaky Halkara pul gaznasynyň (HPG) işçi topary saparda boldy. Saparyň maksady ýurdumyzda makroykdysady we maliýe ýagdaýyna baha bermek, Türkmenistanyň ykdysady syýasat ulgamynda alyp barýan ileri tutýan ugurlaryny hem-de bu ugurdaky meýilleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Nobatdaky saparyň çäklerinde iri maliýe düzüminiň wekilleri döwlet dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçy işgärleri, işewürler...

DOWAMY
pic
6 Okt

DAŞARY IŞLER MINSTRLIGINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MASLAHATYNDA BEÝAN EDEN BAŞLANGYÇLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEKLIGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Daşary işler minstrliginde Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda beýan eden başlangyçlaryny durmuşa geçirmeklige bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, syýasatşynaslar, Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalaryň we Ilçihanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ş...

DOWAMY
pic
5 Okt

Türkmenistanda Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň mejlisi geçirilýär

Türkmen paýtagtynda Aziýa —Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Aşgabatda şeýle wekilçilikli halkara forumyň geçirilmegi halkara gatnaşyklar meselelerinde işjeň orny eýeleýän hem-de sebit we ählumumy derejede abadançylygyň durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen syýasaty yzygiderli alyp barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünliklere besl...

DOWAMY
pic
4 Okt

Türkmen Liderine sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin ABU-nyň Güwanamasy, baýragy we ýadygärlik nyşany gowşuryldy

Duşuşyk tamamlanandan soň, Mejlisiň Başlygynyň, hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin Güwänamany, baýragy we ýadygärlik nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy. ABU-nyň Baş sekretaryna söz berildi, ol milli Liderimizi we ýygnananlaryň hemmesini Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasyny...

DOWAMY
pic
3 Okt

ABU-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeniýeti bilen tanyşýarlar

Şu gün Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň çäklerinde foruma gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama guraldy. Dostlukly gatnaşyklary berkitmekde we netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde medeni diplomatiýa uly orun berilýär. “Biz halkymyzyň köpasyrlyk taryhynyň, gadymy däpleriniň, medeniýetiniň, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň, jemgyýetimiziň ösüşiniň möhüm şerti hökmünde medeni mirasymyzyň dünýäde wagyz edilmegine, döwletara hem-...

DOWAMY