RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Okt

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy hakynda

2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Kazan şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Tatarystanyň Baştutany belent mertebeli myhmany mübärekläp hem-de XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Kazana gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny bildirip, taryhyň dowamynda kemala gelen dostlukly gatnaşyklara esaslanýan we ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýän tatar-türkme...

DOWAMY
pic
25 Okt

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna!

Häzirki wagtda internet torlarynda daşary ýurtlaryň çäklerinde wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň biometrik pasportlarynyň möhletlerini uzaltmalaryň dowam edýändigi barada galp we nädogry maglumatlaryň ýaýradylýandygyna dykgatyňyzy çekýäris. Bu babatda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 9-njy maýyndaky «Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylandygy barada bellikleri etmegiň Te...

DOWAMY
pic
25 Okt

MALAYZIÝADA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA BAÝYŞLANAN MEDENI ÇÄRE GEÇIRILDI

25-nji oktýabrda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna hem-de 2024-nji «Pähim-Paýhas Ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan halkara medeni çäre geçirildi. Bu medeni çärä Malaýziýanyň Bilim ministri, ilçiler we diplomatlar, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, alymlar we medeniýet işgärleri, şeýle hem Malyziýada okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň medeni we ed...

DOWAMY
pic
24 Okt

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň geňeşçisi Artaşes Tumanýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk boýunça gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Taraplar Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň Gündogaryň aky...

DOWAMY
pic
23 Okt

Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-täjik daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň birnäçe düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik dialogyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy we ýokary derejede yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Sebitleýin we halkara gurluşlaryň, hususan-da BMG-niň çägindäki ýakyn hyzmatdaşlyk we özara goldaw bellenildi. Diplo...

DOWAMY
pic
22 Okt

MEETING BETWEEN THE AMBASSADOR OF TURKMENISTAN AND THE CHIEF EXECUTIVE OFFICER OF CYBERSECURITY MALAYSIA

On October 22, 2024, a meeting took place between the Ambassador of Turkmenistan, M. Mashalov, and the Chief Executive Officer of CyberSecurity Malaysia, Dato’ Dr. Haji Amirudin Bin Abdul Wahab. The Ambassador discussed the work of the State Group for Ensuring Cybersecurity in Turkmenistan and emphasized the importance of Malaysia's experience in this field, urging the Malaysian side to enhance cooperation. The Malaysian representatives acknowledged the growing significance of cybersecurity g...

DOWAMY
pic
22 Okt

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa departamentiniň direktory bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Mark Kemeronyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Syýasy hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, söwda-ykdysady ulgam, howanyň üýtgem...

DOWAMY