img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Iýul

Türkmenistanyň şypahanalary - tebigy, saglygy goraýyş we ykdysady mümkinçilikleriň toplumy

“Adam jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygydyr” diýen ýörelgeden ugur alýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli syýasatyň taglymat esasy bolan şypahana-dynç alyş pudagynyň ösdürilmegine, dynç alyş, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyzyň durmuş-ykdysady syýasaty ýurdumyzyň ösüşiň hil taýdan täze tapgyryna geçmegini nazarlaýar. Şunda durmuş ulgamynyň ösdürilmegi, möhüm mümkinçilikleriň bir ýere j...

DOWAMY
pic
17 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ HOWANDARLYGYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI SYÝASY FORUMYNYŇ MINISTRLER ÝYGNAGYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ykdysady we Sosial Geňeşiniň howandarlygynda «Durnukly we durmuşa çydamly jemgyýete tarap özgerişler» atly durnukly ösüş boýunça Ýokary derejeli syýasy forumynyň ministrler ýygnagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Forumy açyp, ECOSOC-ň Başlygy Mariýa Çitardowa dünýäniň ýetmiş bir göterimi arassa agyz suwuny ulanmaga mümkinçiliginiň bardygy barada...

DOWAMY
pic
16 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ JIU-JITSU BOÝUNÇA ÝYGYNDYSY AZIÝANYŇ ÇEMPIONATYNDA ÜÇÜNJI ORNA MYNASYP BOLDY

2018-nji ýylyň 10-16-njy iýulynda Aktauda (Gazagystan Respublikasy) erkek we zenan toparlaryň arasynda Aziýanyň Jiu-jitsu boýunça çempionaty geçirildi. Ýaryş «Mangystau Arena» sport toplumynda geçirildi. Ýaryşa 20 ýurtdan 400-den gowrak türgenler gatnaşdy. Bu çempionat Jiu-jitsunyň Halkara federasiýasynyň (JJIF) kadalary boýunça söweş, «ne-waza», duo we kontakt görnüşleri boýunça geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndysy bu çempionatda 24 türgenden ybarat boldy. Olaryň arasynda halkara ýaryşlary...

DOWAMY
pic
16 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝEWROPADA HOWPSUZLYK WE HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ NOBATDAKY 27-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 2018-nji ýylyň 7-11-nji iýuly aralygynda Berlin şäherinde geçirilen ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky 27-nji sessiýasyna gatnaşdy. ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasy GFR-nyň Bundestagynda “ÝHHG-nyň çäklerinde borçnamalary ýerine ýetirmekde parlamentleriň ähmiýeti” diýen mowzuk boýunça geçirildi. Onuň işine ÝHHG-nyň 53 agza ýurdyndan 300-e golaý parlamentleriň agzalary, onlarça halkara guramalaryň wekilleri we Germaniýada işle...

DOWAMY
pic
14 Iýul

Türkmenistan we BMG-nyň Azyk guramasy: hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

2021-nji ýyla çenli döwre niýetlenen “Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň guraklyga duçar bolan we şorlaşan oba hojalyk önümçilik landşaftlarynda tebigy serişdeleri toplumlaýyn dolandyrmak” atly taslama işläp başlar, ony Türkmenistanda Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti BMG-nyň Azyk guramasy (FAO) we Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde durmuşa geçirer.  Taslamanyň çäklerinde döwletleriň hyzmatdaşlygy işleri ylalaşykly meýilleşdirmek, guraklyga garşy göreşde ir...

DOWAMY
pic
13 Iýul

RUMYNIÝADA «AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN SERGI WE TANYŞDYRLYŞ DABARASY GEÇIRILÝÄR

Rumyniýanyň Transilwaniýa regionynyň Oraştiýe  diýen ýerinde şu günler “Off Road” we “Rally Raid” awtomobilleriniň arasynda Rumyniýanyň açyk milli ýaryşynyň IV tapgyry geçirilýär. Türkmenistanyň Rumyniýa gelen wekiliýetiniň Rumyniýanyň awtomobil sport federasiýasy bilen ylalaşygyna laýyklykda ýokarda agzalan tapgyryň çäklerine «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisini wasp etmek boýunça birnäçe çäreler geçirýär. Şeýle tematiki çäreleriň hataryna «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine bagyşlana...

DOWAMY
pic
12 Iýul

«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISI DÜNÝÄ BILELEŞIGINIŇ ÜNSÜNI ÖZÜNE ÇEKÝÄR

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisini ýokary guramaçylykly derejede geçirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, rallini mahabatlandyrmak we wasp etmek boýunça Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda degişli çäreler yzygiderli alnyp barylýar. 2018-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynda, 5-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda, 9-njy iýulda  Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublik...

DOWAMY