img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Maý

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Prezident maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine we döwletimiziň halkyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri syýasatynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
11 Maý

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söweşjeň baýdaklary gowşurdy

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň, Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleriniň baýdaklaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynda şu dabara gatnaşýan harby gullukçylar nyzama düzüldiler. Bu çäräniň bitewi dabara hökmünde ýurdumyzda ilkinji gezek bellenilýän Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň günü...

DOWAMY
pic
11 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NYŇ GENDER DEŇLIGINE BAGYŞLANAN MEJLISINE GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 8-nji maýynda Wena şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ynsanperwer meseleleri boýunça komitetiniň “Gender deňligi” temasyna bagyşlanan mejlisi bolup geçdi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Adalatçysy Ý.Gurbannazarowa gatnaşdy we Türkmenistanda gender ýagdaýy barada çykyş etdi. Ý.Gurbannazarowa öz çykyşynda Türkmenistanyň gender syýasaty, aýal-gyzlaryň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, sosial we medeni durmuşynda deň hukukly gatnaşýandygy barada belledi.  H...

DOWAMY
pic
10 Maý

ARAL DEŇZINIŇ SEBITINDÄKI MESELELERI ÇÖZMEK BILEN BAGLANYŞYKLY MAKSATNAMALARY IŞLÄP TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ HALKARA HYZMATDAŞLARY BILEN DUŞUŞYGY

2018-nji ýylyň 9-10-njy maýynda Aşgabat şäherinde «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar otagynda Aral deňziniň sebitindäki meseleleri çözmek bilen baglanyşykly maksatnamalary işläp taýýarlamak boýunça Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň halkara hyzmatdaşlary bilen utgaşdyryjy duşuşygy boldy. Duşuşygyň esasy maksady Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini a...

DOWAMY
pic
9 Maý

Nebitgaz pudagy baradaky makalalaryň bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

“Ylym — ösüşiň hereketlendiriji güýji” atly “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň ýardam bermeginde “Nebit-gaz” gazeti tarapyndan nebitgaz pudagyna degişli iň gowy ylmy-wagyz makalalaryny ýazmak boýunça döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy-tehniki syýasaty, alymlaryň we hünärmenleriň geologiýa, gazyp çykarmak, ulag, nebit we gazy saklamak we gaýtadan işlemek ulgamynda geçir...

DOWAMY
pic
9 Maý

Garaşsyz, hemişelik BitarapTürkmenistanyň halkyna

Eziz halkym! Hormatly uruş weteranlary! Sizi dünýä taryhynda aýratyn orun tutýan şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda hem Ýeňiş gününiň şanyna geçiril...

DOWAMY
pic
8 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI KÖPUGURLY DÖWÜRLEÝIN SYN BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ 30-NJY MEJLISINE GATNAŞDY

2018-nji ýylyň maý aýynda Şweýsariýanyň paýtagty Ženewa şäherinde geçýän Köpugurly Döwürleýin Syn boýunça Iş toparynyň 30-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň 3-nji synyna gatnaşdy. Ýokarda agzalan çäräniň dowamynda türkmen tarapy adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ugurlary barada...

DOWAMY