SOŇKY HABARLAR
HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ BILERMENLERI SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan gurnalan Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi geçirildi. Bu Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýän Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY DOWAM EDÝÄR
2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde irden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Islam Karimow adyndaky Halkara howa menziline tarap ugrady. Prezidentiň uçary özbek paýtagtynyň howa menzilinden meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanalýan Ürgenje—Horezm oblastynyň dolandyryş merkezine tarap ugur aldy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ürgenjiň howa menzilinde Türkmenistanyň Baştutanyny Özbegistanyň Prezidenti mähirli garşylady. Çagalaryň ýerine ýetirmeginde türkmen we özbek...
Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur ş.) Ilçihanasy tarapyndan sportyň kiçi futbol görnüşi boýunça sport çäresi geçirildi
2018-nji ýylyň 21-nji aprelinde “2018-nji ýyl – Türkmenisan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly mynasybetli we 2018-nji ýylyň 5-nji aprelinden 5-nji maýy aralygynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň biraýlygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur ş.) Ilçihanasy tarapyndan Malaýziýada bilim alýan türkmen talyplarynyň we Malaýziýanyň Döwlet edaralaryň wekilleriniň arasynda sportyň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş gurn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY
2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkendiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň ýanyndaky haly düşelen ýodanyň iki tar...
Türkmenistan - Özbegistan Respublikasy: hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek ýoly bilen
Umumy ykrar edilen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda hemmetaraplaýyn ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Bitarap Türkmenistan häzirki zaman halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň gatnaşyp, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşiň we sebit howpsuzlygyny üpjün etmegiň uzak möhletli maksatlaryny durmuşa geçirmek işine saldamly goşant goşýar. Milli ösüşiň we daşary syýasy strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmegiň giň gerimi durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça maksatnam...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasaty degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Döwlet Baştutanymyz şu günki mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň möhümdigi barada aýdyp, Türkmen bedewiniň baýramyny geçirmek, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuny açmak bilen bagly geçiriljek çärel...
Türkmenistanda aýdym-saz medeniýetine bagyşlanan halkara forum geçirilýär
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan çärä gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň alymlary hem-de hünärmenleri, şol sanda saz öwrenijileri, dilçileri, sungaty we medeniýeti öwrenijileri paýtagtymyz...