SOŇKY HABARLAR
MILLI EKOLOGIÝA KANUNÇYLYGY KÄMILLEŞDIRMEK – TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ OKUW MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
Daşky gurşawy we ýer serişdeleri goramak boýunça Türkmenistanyň Döwlet komitetiniň, Mejlisiň, Adalat ministrliginiň we Türkmenistanyň beýleki degişli edaralarynyň wekilleri Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan Aşgabatda 30-31-nji iýulda gurnalan okuwynyň çäginde milli ekologiýa kanunçylygyny kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Okuw maslahatynyň maksady daşky gurşawy goramak ulgamynda halkara kanunçylyk namalary we standartlary ba...
Türkmenistanyň ulag toplumynyň kuwwaty artýar
Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köp şahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli taslamalary, şol sanda hereket edýän we gurulýan täze awtomobil hem-de demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek we giňeltmek boýunça t...
«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISI BOÝUNÇA MAHABAT ÇÄRELERI DAŞARY ÝURTLARDA IŞJEŇ ÝAÝBAŇLANDYRYLÝAR
?Amul-Hazar 2018», şeýle hem «Turkmen Desert Race-2018» diýlip tanalýan halkara awtorallisini mahabatlandyrmak we giňden tanyşdyrmak boýunça işjeň dowam etdirilýär. Geçen hepdede bu sport çäresi bilen tanyşdyryş işleri Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky, Türkiýe Respublikasyndaky, Ýaponiýadaky, Azerbaýjan Respublikasyndaky, Awstriýadaky we Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanalarynda geçirildi. Tanyşdyryş çäreleri halkara awtorallisi bilen bagly meseleleriň giň toplumyny giňden öz içine aldy. ...
Türkmenistan Owganystanyň parahatçylykly ösüşine goşandyny artdyrýar
Türkmen-owgan dostlugynyň ýylýazgysyna nobatdaky şöhratly sahypa ýazyldy. Rabatkaşan — Kalaýnau täze elektrik geçirijisi ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti täze elektrik geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Wekiliýetiň düzüminde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz golaýda geçirilen göni aragatnaşyk...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARY
Baş Assambleýanyň 73-nji mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň köptaraply işinde möhüm waka bolup durýar. Ol gün tertibiniň esasy meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkarar etmekde, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda Gün tertibini doly möçberli amala aşyrmakda, ähmiýetli halkara maslahatlaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar babatda durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça agza döwletleri...
TÜRKMENISTANDA TÄZE DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY DÖREDILDI
2018-nji ýylyň 23-nji iýulynda Aşgabatda geçirilen maslahatyň esasy meselesi milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň öňünde durýan möhüm wezipeler boldy. Täze institut Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyny birleşdirmegiň esasynda döredildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda ýurd...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mýätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Gyrgyzystan Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar sebitde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine we halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar we dünýä gün tertibiniň wajyp sorag...