img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Maý

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin ýörite mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Hökümetiň ýurdumyzda sporty ösdürmäge bagyşlanan giňişleýin ýörite mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine şu ýyl geçiriljek has möhüm ähmiýetli sport çärelerine görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler girizildi. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşmak üçin halkara gu...

DOWAMY
pic
21 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary hem-de Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de halkara çäreleri bilen baglanyşykly meýilleşdirilen meselelere garaldy. Milli Liderimiz göni araga...

DOWAMY
pic
19 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Köpetdagyň eteginden paýtagtymyzyň merkezine çenli welosipedli ýörüşi amala aşyrdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtynyň şaýollary boýunça welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň iş gününiň öňüsyrasynda başlan 30 kilometrlik welosipedli ýörişiniň ugry Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinden Aşgabadyň merkezindäki Garaşsyzlyk meýdançasyna çenli dowam etdi. Häzirki wagtda Türkmenistanda barha giň gerime eýe bolýan sport hereketi jemgyýetimizde möhüm ähmiýetli ugra öwrülýär, munuň özi ajaýy...

DOWAMY
pic
19 Maý

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyny berdi

2018-nji ýylyň 18-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda ýörite taýýarlanan ýerde mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi. Bu çäräniň sahawatly Oraza aýynyň ilkinji günlerinde, şeýle hem muňa gabat gelen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününde geçirilýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Ynsana diňe bir beden arassalygyny we ahlak päkligini peşgeş bermän,...

DOWAMY
pic
18 Maý

Şanly sene mynasybetli konsert

Şu gün paýtagtymyzyň owadan künjekleriniň birinde ýerleşen açyk sahna meýdançasynda geçirilen sungat ussatlarynyň konserti ählihalk baýramçylygynyň - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň ajaýyp döredijilik waspnamasy bolup ýaňlandy. Bu baýramçylyk halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan gadymy däpleriniň - parahatçylyk döredijiligiň, dostanalygyň we ynsanperwerligiň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar, demokratik hukuk döwletiň mizemez esasl...

DOWAMY
pic
18 Maý

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, Bitarap ýurdumyz milli senenamamyzda şanly seneleriniň birini — Türkmenistanyň Konstitusiýanyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi belledi. Watanymyzyň mukaddes nyşanlary bolmak bilen, Konstitusiýamyz hem-de ýaşyl Tugumyz türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlylygyny beýan edýär. Paýtagtymyz Aşgabat ählihalk baýramçylygynyň merkezine öwrüldi, bu ýerde milli Liderimiziň gatnaşm...

DOWAMY
pic
18 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy –biziň mizemez agzybirlimiziň nyşanydyr

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi berkararlygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan Milli baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ilkinji gezek döwlet derejesinde bellenýän bu ajaýyp baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň agzybirlik suprasynyň başynda jem bolan mähriban halkymyzy beýik...

DOWAMY