SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Soçide RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine geldi. Türkmen Lideri howa menzilinden çykyp, Gara deňziniň gözel kenarynda ýerleşen “Radisson Blu Resort & Congress Centre” kaşaň myhmanhanasynyň Konresler merkezine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bil...
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, dünýä sportunda görnükli wakalaryň birine öwrülen bu iri ýaryşlara taýýarlygyň derejesine ýokary baha berdi. Owganystan Yslam Respublikasynyň Baştutany pursatdan peýdalanyp, öz kärdeşine Aziadanyň ajaýyp guralandygy, şol sanda bu iri ýaryşlara gatnaşan owgan türgenleri üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi, olara mähirliligiň we myhma...
Harby-watançylyk žurnaly täze sanyny V Aziada bagyşlady
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan çap edilýän “Milli goşun” žurnalynyň nobatdaky sany neşir edildi. Bu neşir ruhy-watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, şeýle hem harby gullukçylaryň döredijiligini höweslendirmek maksady bilen neşir edilýär. Olaryň çeperçilik mümkinçilikleri žurnalyň göwnejaý bezelen sahypalarynda beýan edilýär. Žurnalyň täze sany sentýabr aýynda geçirilen “Aşgabat 2017” o...
Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisi
“Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli maslahatyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ös...
„Galkynyş“ gaz ýatagynda bir gije-gündizde 2 million kubmetr gaz çykarýan skwažina işe girizildi
„Türkmengaz“ Döwlet konserniniň „Türkmengazinžiniriň we gurluşyk“ müdirýetiniň hünärmenleri „Galkynyş“ gaz ýatagynda gije-gnüdiziň dowamynda 2 million tebigy gaz çykarýan 280-nji skwažinany ulanmaga berdiler. Gaz çykarylyşda ilkinji gezek tehnologik enjamlary „Türkmengaz“ Döwlet konserniniň hünäermenleri daşry ýurt kompaniýalaryny çekmezden öz güýçleri blen ýerine ýetirdiler. „Türkmengaz“ Döwlet konserniniň hünärmenleri „Petrofak“ (BAE) kompaniýasynyň enjamlaryny, çyzgylaryny we tehnologik k...
Döredijilik ruhy göterilişiniň baýraklary
Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly atlara mynasyp bolan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri bolan medeniýet we sungat işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Köp müňýyllyk taryhy, özboluşly medeni mirasy we milli gymmatlyklary bolan türkmen halky tutuş adamzadyň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň köpasyrlyk milli medeniýeti we däp-dessurlary täze man...
Türkmenistanyň Prezidenti “Nowruz ýaýlasynyň aý öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we ählihalk ýowaryna badalga berdi
Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň dag etegindäki ajaýyp ýaýlasynda “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şol ýerde bag ekmek boýunça nobatdaky ekologiýa çäresi bolan ählihalk ýowaryna badalga berdi. Ýoluň ugrunda dikilen köpsanly ak öýleriň ýanynda oba durmuşyna degişli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. “Nowruz ýaýlasynyň ak öýüniň” golaýy...