RSS

SOŇKY HABARLAR

19 Few

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-de diplomatik protokoly boýunça täze okuw merkezi açyldy

2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda “Diplomatik protokoly” täze okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň wekilleri we Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, ýöriteleşdirilen okuw merkezi, 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda gol çekilen, Türkmenistanyň Prezide...

DOWAMY
18 Few

Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär, esasanam Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny has-da giňeldýär. Bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma Türkmenistan bilen BMG-nyň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň häsiýeti we ýurduň mundan beýläkki ösüşiniň peýdasyna kesgitlenen ähli maksatlary we wezipeleri üstünlik...

DOWAMY
18 Few

Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen çäreleriň metbugat habary

2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda “Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň we ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň...

DOWAMY
18 Few

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

Hormatly Türkmenistanyň diplomatik işgärleri! Sizi Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda Watanymyzyň halkara abraýyny we oňyn täsirini güýçlendirmek üçin döwletimiziň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňünde goýlan belent wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekjekdigiňize ynanýaryn. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, 2009-njy...

DOWAMY
16 Few

“Fransiýa-Türkmenistan” Söwda palatasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda palatasynyň ýolbaşçysy Mari-Elen Beraryň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşindäki oňyn netijeleri kanagatlanma bilen bellediler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda energetika pudagynda, nebit-gaz toplumynda, ulag we saglygy goraýyş...

DOWAMY
15 Few

Daşary işler ministrliginde Hindistanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Madhumita Bhagatdan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministr Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we onuň diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetine üns çekdiler. Ikitaraplaýyn gat...

DOWAMY
15 Few

Aşgabatda Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde türkmen-gruzin syýasy geňeşmeleri geçirildi

2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammedurdyýewiň we Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň gatnaşmagynda türkmen-gruzin syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň dürli derejelerde yzygiderli aragatnaşy...

DOWAMY