RSS

SOŇKY HABARLAR

9 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WENGRIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutany bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz özüniň 2014-nji ýylyň iýunynda Wengriýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň barşynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Ýokary derejedäki gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmek möhümdir,...

DOWAMY
8 Iýun

TÜRKMENISTAN WE BMG HYZMATDAŞLYGY HAS-DA PUGTALANDYRMAK UGRUNY TASSYKLAÝARLAR

2023-nji ýylyň 8-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-nyň Türkmenistandaky agentlikleriniň hem-de bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşi utgaşdyrmak boýunça sebitleýin merkeziniň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygy hanym G.Ýop Son, ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory G.El Huri, BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissa...

DOWAMY
8 Iýun

WENGRIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY BAŞLADY

2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary bilen Aşgabada geldi. Şu gün agşam wenger hökümetiniň baştutany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçiriler. Ertir, 9-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler meýilleşdirilýär. Türkmen-wenger ýokary derejeli gepleşikleriň netijeleri boýunça ik...

DOWAMY
8 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝEWRAZIÝA HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ WE GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISLERINE GATNAŞÝAR

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisleri başlandy. Bu çärelerde Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk edýär. Mundan başga-da, Soçide Türkmenistanyň wekiliýeti 3-nji Ýewraziýa kongresiniň we GDA-nyň we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň 2-nji ýaşlar forumynyň işine gatnaşýar....

DOWAMY
8 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE MÜSÜRIŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI KABUL EDILDI

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazih Ali Bahaeldin Al-naggariden ynanç hatyny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi Müsür Arap Respublikasynyň ýolbaşçyl...

DOWAMY
8 Iýun

TÜRKMENISTANDA MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI IŞE BAŞLADY

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Waleriu Kiwerden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara g...

DOWAMY
7 Iýun

CULTURAL DIALOGUE BETWEEN TURKMENISTAN AND ITALY CONTINUES IN ROME

In frames of a working visit of the delegation of Turkmenistan to Italy, on June 6, 2023, Deputy Chairman of the Cabinet of Ministers of Turkmenistan M.Mammedova met with the mayor of the city of Rome Roberto Gualtieri. During the meeting, special attention was paid to intercultural dialogue and the preservation of cultural heritage. The parties also discussed practical steps to hold an exhibition of unique artifacts of Turkmenistan in Italy. Within the framework of the visit, the Turkmen...

DOWAMY