RSS

SOŇKY HABARLAR

26 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE UNAMA-NYŇ MISSIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Roza Otunbaýewa bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit howpsuzlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. W.Hajiýewiň b...

DOWAMY
26 Maý

ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ÝÖRITE WEKILLERI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala we Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm gün tertibi hem-de Türkmenistanyň we Ýewropa Bile...

DOWAMY
25 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat Onuň Alyjenaby, Patyşa Karl III-niň we Premýer-ministr Rişi Sunagyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Beýik Britaniýada özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzma...

DOWAMY
25 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrar...

DOWAMY
24 Maý

ILAT ÝAGDAÝY WE ÖSÜŞI BOÝUNÇA HALKARA KONFERENSIÝASYNYŇ HEREKETLER MAKSATNAMASYNY AMALA AŞYRMAKDA ÖŇE GIDIŞLIGI BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenabat şäherinde 1994-nji ýylyň Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň (IÝÖHK) Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda öňe gidişlik barada pikir alyşmak boýunça maslahat geçirildi. Hereketler meýilnamasynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Lebat welaýatynyň häkimliginiň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we BMG-niň Ilat gaznasynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we weki...

DOWAMY
23 Maý

TÜRKMENISTAN BILEN SLOWENIÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 23-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew wideoulgamy arkaly Sloweniýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň döwlet sekretary Samuel Žbogar bilen duşuşyk geçirdi. Geňeşmeleriň dowamynda diplomatlar türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigini nygtamak bilen, taraplar syýasy-dipl...

DOWAMY
23 Maý

RUMYNIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY

2023-nji ýylyň 22-26-njy maýynda Buharest we Konstansa şäherlerinde geçiriljek Türkmenistanyň medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Rumyniýa Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň wekillerinden, sungat işgärlerinden, alym-professorlardan, şeýle-de habarçylardan düzülen topar geldi. 22-nji maýda Buharestde Türkmenistanyň Rumyniýadaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Rumyniýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, ylym we sungat işgärleri, bu ýurtda akkreditirlenen diplomatik eda...

DOWAMY