SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MALAÝZIÝADAKY ILÇIHANASYNDA “GARAŞSYZ WE BAKY BITARAP TÜRKMENISTANA 30 ÝYL” ATLY HALKARA MASLAHATY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanşmagyň Watany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Garaşsyz we Baky Bitarap Türkmenistana 30 ýyl” atly Halkara maslahaty geçirildi. Maslahata Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Malaýziýanyň Strategiki we halkara gözlegler institutynyň Dolandyryş ýolbaşçysy, bu ýurtda ýerleşýän daşary ýurtl...
TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARY HYZMATDAŞLYGYŇ UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün, 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Çon Yý-ýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşigiň barşynda Ministrler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ynanyşmak, birek-birege ho...
TÜRKMENISTANYŇ BAŞTUTANY SEUL HALKARA FORUMYNDA NETIJELI ÖZARA HEREKETLERIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY BEÝAN ETDI
Şu gün, 18-nji noýabrda Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumyna gatnaşyjylara wideoýüzlenmesinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gyzyklanma bildirilýän ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklaryň has hem ilerledilmeginiň zerurlygyny belläp geçdi. Türkmen döwletiniň Baştutany şeýle-de çärä gatnaşyjylaryň ünsüni sebit gün tertibiniň derwaýys ugurlaryna hem-de Ýewraziýada özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerine çekdi. Şunda ikitaraplaýyn we...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DEMIRGAZYK YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HALKARA FORUMYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gibrid görnüşinde geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Ýewraziýa yklymynda ykdysady hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi boýunça köptaraplaýyn meýdança hökmünde çykyş etmek bilen, bu Forum her ýyl tanymal döwlet adamlaryny, işewürlik-toparlarynyň wekillerini, dünýä belli bilermenleri, şeýle-de halkara we sebitleýin g...
DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ GATNAŞMAGYNDAKY HALKARA ÄHMIÝETLI ÇÄRELERE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň, şeýle-de onuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Döwlet Baştutanlarynyň sekizinji mejlisine gatnaşmagynyň jemlerine hem-de şu ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitine görülýän taýýarl...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSGG-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG-nyň) Ýewropa Sebitleýin edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Sebileýin direktory hanym Dorit Nitsanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşygynyň dowamynda gazanylan ylalaş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝOKARY DEREJEDÄKI STAMBUL SAMMITINIŇ ÇÄKLERINDE IŞJEŇ DUŞUŞYKLARYŇ BIRNÄÇESINI GEÇIRDI
Ýurtlaryň arasyndaky syýasy-diplomatik ugur boýunça özara gatnaşyklaryň has hem ösdürilmegi we hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýygjamlaşdyrylmagy, şeýle-de ylym-bilim we ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky bilelikdäki hereketleriň giňeldilmegi işjeň ýagdaýda geçirilen nobatdaky gepleşikleriň esasy ugurlaryny düzdi. Iki doganlyk ýurduň Baştutanlary Türkmenistanyň bu Guramada synçy derejesini almagynyň nobatdaky Sammitiň ähmiýetli wakalarynyň biri bolup durýandygy...