RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Apr

UNESCAP-YŇ 80-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ “BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ARAL DEŇZINIŇ HOWDANY BOÝUNÇA ÝÖRITE MAKSATNAMASYNYŇ DÖREDILEMGINIŇ ŞERTLERINE GARAMAK” ATLY KARANAMASY BOÝUNÇA UGURDAŞ ÇÄRESI GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Taýland Patyşalygynyň, Bangkok şäherinde geçirilýän BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň “Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilemginiň şertlerine garamak” atly Karanamasy boýunça ugurdaş çäresi geçirildi. Agzalan çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş K...

DOWAMY
pic
24 Apr

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri Mihael Harmsyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada durup geçip, söhbetdeşler üstünlikli ösdürilýän söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gepleşikleriň ýokary derejesini alamatlandyrýandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki türkme...

DOWAMY
pic
24 Apr

Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kameron bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kameronyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň d...

DOWAMY
pic
23 Apr

Türkmenistanyň DIM-de birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişlik dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş meseleleri boýunça Döwlet sekretary Lord Kameronyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ikitaraplaýyn resminama gol çekişlik dabarasy geçirildi, taraplar hususan-da aşakda görkezilen resminamalara gol çekdiler: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Daşary işler, Arkalaşygyň işle...

DOWAMY
pic
22 Apr

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi. Çärä Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň wekilleri, jemgyýetçilik we syýasy işgärler, ýokary okuw mekdepler...

DOWAMY
pic
22 Apr

UNESCAP-yň 80-NJI MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Bangkok şäherinde BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) 80-nji mejlisi öz işine başlady. "Durnukly ösüş üçin Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde sanly innowasiýalary ulanmak" mowzugy bilen geçirilýän bu mejlis sanly innowasiýa boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin mümkinçilikleri döreder. Durnukly ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, bu mejlisiň i...

DOWAMY
pic
20 Apr

Türkmenistanyň DIM-nde GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen  GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda GDA-nyň agza döwletleriniň arasynda syýasy, ykdysady, sport, ekologiýa we medeni-ynsanperwer ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2024-nji ýylda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň çä...

DOWAMY