RSS

SOŇKY HABARLAR

25 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

?Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşigiň dowamynda ministrler Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy...

DOWAMY
25 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «MERKEZI AZIÝA - KOREÝA RESPUBLIKASY» 15-NJI HYZMATDAŞLYK FORUMYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynynyň 15-nji mejlisi geçirildi we oňa Koreýa Respublikasynyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary wezipeli wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Forumyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dürli ugurlar, şol sanda en...

DOWAMY
25 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI PUSAN ŞÄHERINIŇ HÄKIMI BILEN DUŞUŞDY

Şu gün, 2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Pusan şäheriniň häkimi Pak Heong-Jun bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy 2008-nji ýylda Türkmenistanyň ozalky Prezidenti, häzir bolsa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respu...

DOWAMY
25 Okt

TÜRKMENISTANDA ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MEDENIÝET HEPDELIGI AÇYLDY

2022-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Bu Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň we Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde guraldy. “Bitewülikde köpdürlülik” ady bilen geçýän Ýewropa Bileleşiginiň Me...

DOWAMY
24 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY

2022-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynda iş saparda bolýar. 24-nji oktýabrda Seulda R.Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Phýo bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Se...

DOWAMY
23 Okt

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Şu gün, 2022-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Sýan Naýçen bilen geçirilen duşuşygynda, Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Hytaý Halk Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş Sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy m...

DOWAMY
22 Okt

ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY

2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Iki dostlukly ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtyň Halkara howa menzilinde Özbegistanyň ýolbaşçysy resmi adamlar tarapyndan garşylandy. Bellenen gowy däbe görä, milli eşikli bir oglan we gyz Özbek liderine çörek-duz we gül sowgat etdiler. Howa menzilindäki gysga wagtlyk söhbetdeşlikden soňra Özbegistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni bu ýerden sapar...

DOWAMY