TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ÝHHG-niň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, özara gatnaşyklaryň durnukly depginini we netijeli häsiýetini bellediler. Söhbetdeşler halkara giňişliginde tagallalary utgaşdyrmagyň...
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taherini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Katarda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bi...
Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Marokkonyň paýtagty Rabat şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan marokkolylaryň işleri boýunça Ministri Nasser Burita Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy. Geçirilen dabaranyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk hem geçirildi. Duşuşygyň dow...
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Prezident Şawkat Mirziýoýew Prezident Serdar Berdimuhamedowy we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, bu taryhy saparyň doganlyk ýurtlaryň arasynda ýola goýlan aýratyn ýakyn gatnaşyklaryň aýdyň güwäsidigini aýtdy. Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen geple...
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglandy
2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda, Türkmen-özbek serhetýaka zolagynyň dabaraly açylyşy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini we dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyza Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyny – «Ýokary derejeli dostluk» ordenini gowşurmagyň özi üçin uly hor...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda, Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow “Ýangi Uzbekiston” seýilgähine bardy we bu ýerde “Garaşsyzlyk” ýadygärligine gül goýdy. Döwlet Baştutanymyzy goňşy ýurduň resmi adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezi...
Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Ilki bilen, özbek tarapyndan Horezm welaýatynyň ýaşaýjysyna söz berilýär. Ol şeýle desganyň gurlup berlendigi üçin Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmen-özbek ser...