TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Ak mermerli Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan hem-de amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini gün-günden berkidip, dürli pudaklarda netijeli halkara gatnaşyklarynyň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edildi. Watanymyzyň ähli künjegini, has çetdäki obalary gurşap alan giň möçberli özgertmeleriň barşynda paýtagtymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň üstünlikli durmuş...
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda 2018-nji ýylda ilkinji göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini mundan beýläk-de amala aşyrmagyň wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň, etraplaryň häkimlikleriniň guramaçylyk meselelerine g...
Türkmenistandan Eýrana synag gatnawyny amala aşyrýan konteýner ýük düzümi geçdi
Türkmenistandan Eýrana Akýaýla demir ýol menziliniň üsti bilen Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça nobatdaky synag gatnawyny amala aşyrýan konteýner ýük düzümi geçdi. Türkmenistanyň üstaşyr geçelgelerini hasaba almak bilen, ägirt uly Aziýa sebitiniň ýurtlaryny birleşdirýän has amatly ýollary gözläp tapmak ýurdumyzyň geografiki ýagdaýynyň artykmaçlyklaryny nazara almak bilen, onuň logistika ulgamyny ösdürmegiň wezipelerine laýyk gelýär. Multimodal düzümi döretmäge gönükdirilen iri...
Türkmenistanyň Mejlisi “Ulag howpsuzlygy hakynda”, we “Telewidenie we radiogepleşikler hakynda” kanunlary kabul etdi
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi altynjy maslahaty geçirildi, onda täze kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata ýurdumyzyň Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, “Ulag howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, welaýatyň ilatynyň käbir etraplary birikdirmek, olaryň taryhy atlaryny dikeltmek baradaky tekliplerini kanagatlandyrmak maksady bilen, welaýat häkimliginiň towakganamasyny hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözm...
Türkmenistan 2018-nji ýyl üçin iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň hatarynda
Syýahatçylaryň sanynyň hem-de meşhur syýahatçylyk kompaniýalarynyň we iri ýöriteleşdirilen neşirleriň, maglumatlar serişdeleriniň ünsüniň artmagy halkara syýahatçylygyň täze geljegi uly ugry hökmünde ýurdumyzyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda kemala gelýän syýahatçylygyň we myhmansöýerligiň milli nusgasyna bütin dünýäde gyzyklanmanyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň...
Mary welaýatynyň «Minara-3» meýdançasynda bir gije-gündizki çykymy 1 million kubmetrden gowrak bolan gazyň senagat akymy alyndy
“Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasynyň “Lebapnebitgazgözleg” müdirliginiň hünärmenleri Garagum çölünde geljegi uly meýdançada gözleg guýusynyň üstünlikli işlemegini alyp bardylar. Netijeli gatlak 4575 metr çyňlukda ýerleşýär. Emma, burawlaýjylar guýunyň burawlanmagyny seýsmiki barlagyň maglumatlaryna daýanyp, dowam edýärler. Çaklamalara görä, aşaky gatlaklarda hem tebigy gazyň ýerleşen bolmagy ahmal. “Lebapnebitgazgözleg” müdirliginiň hünärmenleri tutuş Türkmenistan boýunça uglewodorod ç...