SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ŽENEWADA “DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNA ÝETMEK ÜÇIN SPORTDA MAÝA GOÝMAK” ATLY MEJLISŇ IŞINE GATNAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda BMG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynda BMG-niň Söwda we ösüş boýunça mejlisiniň Bütindünýä maýa goýum hepdesiniň forumynyň çäklerindäki “Durnukly ösüşe maýa goýmak” ady bilen geçýän, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça mejlisi, Halkara Olimpiýa komiteti bilen birlikde “DÖM-na ýetmek üçin sportda maýa goýmak” atly mejlisi gurnaldy. Mejlise BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory Maýkl Möller, Halkara Olimpiýa komitetiniň wise-prezidenti Huan Antonio Samaranç, bell...
AŞGABATDA «HAZAR DEŇZI – GARA DEŇZI» HUG TASLAMASY BOÝUNÇA BILERMENLER DUŞUŞYGY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Aşgabatda Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň we Türkmenistanyň, şeýle hem ÝB-niň Kontakt burosynyň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda «Hazar deňzi – Gara deňzi» halkara ulag geçelgesiniň (HDGD–HUG) taslamasy boýunça dört taraplaýyn bilermenler duşuşygy öz işine başlady. Çykyşlaryň dowamynda wekiliýet ýolbaşçylary agza-ýurtlarynda bar bolan ykdysady mümkinçiliklerini bellemek bilen, köptaraplaýyn özaragatnaşyklarynyň gün tertibinde ulag hyzmatdaşlyg...
HAZAR DEŇZI TESWIRNAMASYNYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA HAZARÝAKA DÖWLETLERIŇ WEKILLERINIŇ 3-NJI MEJLISI
2018-nji ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň paýtagtynda Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň 3-nji mejlisi geçirilýär. Maslahata Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşýarlar...
“Syýasat we jemgyýet” atly ýyllyk neşiriň — žurnalyň täze sany
Ýurdumyzyň Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan taýýarlanylýan 2017-nji ýyl üçin «Syýasat we jemgyýet» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky, 5-nji sany çapdan çykdy. Ýyllyk žurnalyň sahypalarynda içerki giň möçberli özgertmeler, halkara gatnaşyklar jähetinde Türkmenistanyň durmuşynda bolup geçen öten ýylyň has ähmiýetli wakalary hakynda söhbet açýan makalalar ýerleşdirilipdir. Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda — ýurdumyzda “Sagdynlygyň we ru...
28 октября в Ашхабаде стартует чемпионат мира по тяжёлой атлетике
28 октября-10 ноября 2018 года в Ашхабаде состоится чемпионат мира по тяжёлой атлетике. Для участия в этих соревнованиях поступили заявки из 100 стран (9 государств Африки, 38 стран Европы, 29 стран Азии, 15 стран Америки и 9 стран Океании). Таким образом, ожидается прибытие около 800 зарубежных спортсменов, а в общем – 1500 представителей разных стран, включая судейские бригады, журналистов и др. Для обслуживания турнира подготовлено около 500 волонтёров из вузов Туркменистана. Ведутся работ...
Milli parlamentiň ýolbaşçysy PB-niň 139-njy Assambleýasynda çykyş etdi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasynyň umumy maslahatynyň çäklerinde “Innowasiýalar we tehnologiki ösüş döwründe parahatçylygy berkitmekde we ösüşde parlamentiň orny” diýen mowzuk boýunça çykyş etdi. Çykyşda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ylmy-tehniki ösüşe hem-de innowasiýalary giňden ornaşdyrmaga ýardam edýän mäkäm kanunçylyk binýady döredildi, şeýle hem ähli ugurlarda durnukly ösüş, maliýe we durmuş durnuklylygy üpjün edilýär, d...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GYÝANLYDA GEÇIRILEN NAHAL EKMEK ÇÄRESINE GATNAŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda işe girizilmegi bilen 1000-e golaý iş ýerini döretmäge mümkinçilik beren Gyýanly şäherçesiniň polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, soňra täze gazhimiýa toplumynyň ýanynda ilkinji agajy ekmek bilen güýzki nahal ekmek möwsümine badalga berdi. Türkmenistanyň Baştutanynyň başlangyjyna halk hojalygynyň pudaklarynyň hemmesiniň diýen ýaly wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar, şeýle-de Türkmenistanda akkredit...