RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Dek

Beýik Ýüpek ýolunyň bir bölegi boýunça - Amuldan Hazara çenli welosipedli ýaryş geçiriler

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine “Amuldan Hazara çenli” atly awtomobil ýaryşyny guramagy tabşyrypdy. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji dekabrda bolan hökümetiň mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu ugur boýunça welosiped ýaryşyny, onuň welaýatlaryň çäginden geçýän böleklerinde bolsa sport ylgaw ýaryşlaryny guramak barada teklibi öňe sürdi. Milli Liderimiz medeni we sagaldyş maksatlaryny özünde jemleýän şeýle çäreleriň jemgyýetimizde işjeň durmuş ýörelges...

DOWAMY
pic
15 Dek

Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp barylýar

Turgundy bekediniň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, Owganystanyň çäklerinde demir ýoluň gurluşygy meýilnama laýyklykda barýar. Bular barada ulag we aragatnaşyk meseleleri boýunça wise-premýer B. Annameredow hökümetiň mejlisinde habar berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, türkmen hünärmenleri iş meýilnamasyna laýyklykda, polat ýoluň gurluşygyny tapgyrlaýyn alyp barýarlar. Demir ýol gurluşykçylarynyň şu günlerdäki iş depgini işleriň öz möhletinde ýokary hilli tamamlanmagyny üpjün ed...

DOWAMY
pic
15 Dek

Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli wajyp çözgütler kabul edildi.  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy barada aýdyp, Awtorlyk hukugynyň obýektlerini hasaba almak bilen bagly hereketler üçin ýygymlaryň Tertibini işläp taýýarlamagyň meselele...

DOWAMY
pic
14 Dek

FILIPPININ RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2017-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Filippinin Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tähran şäheri) jenap Wilfredo Santos bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň başynda Filippinin Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini belläp, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek işinde oňa ählit...

DOWAMY
pic
13 Dek

Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň jemleri jemlenildi

Aşgabatda ýurdumyzyň Kubogy ugrunda skaýranning boýunça ýaryşlar tamamlandy. Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýolunyň ugry boýunça ýaryşlaryň jemleýji tapgyry geçirildi, ol Sport baradaky döwlet komitetiniň howandarlygynda “Agama” alpinistrler kluby tarapyndan “belentlikde bäsleşikler” ugry boýunça Saglyk ýolunda Halkara Bitaraplyk gününe we Halkara daglar gününe bagyşlanyp ylgamak boýunça guraldy. Erkekleriň arasynda Ýazgeldi Ödenyýazow we zenanlaryň arasynda Nažiýa Kostowa Kuboga mynasyp boldular....

DOWAMY
pic
13 Dek

Taglymlaryň arkalaşygy: mirasy gorap saklamak – geljegiň binýadyny berkitmek

GDA döwletleriniň döredijilik we ylmy işgärleriniň XII Forumynyň ikinji güni oňa gatnaşyjylar, şol sanda Türkmenistandan wekilleri üçin diňe bir ýurtlaryň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin däl-de, medeniýet, ylym we bilim, jemgyýetçilik birleşikleriniň, işewürligiň hem-de häkimiýet edaralarynyň arasynda Arkalaşygyň halklarynyň ruhy mirasyny gorap saklamak ýaly ugurlarda gatnaşyklary ösdürmekde iş meýdançasyna öwrüldi. Düýn belli sungat ussatlary, bilermenler bileleşigi tarapy...

DOWAMY
pic
12 Dek

BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINDE MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY DUŞUŞDY

2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi özüniň döredileniniň 10-ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlap Merkezi Aziýa döwletleriniň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny gurnady. Bu duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasyny, şeýle hem Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleri we ministrleriň or...

DOWAMY