SOŇKY HABARLAR
Ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň sergisi öz işine başlady
Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy. Däp boýunça Söwda-senagat edarasy tarapyndan Watanymyzyň baş baýramynyň öň ýanynda guralýan nobatdaky ykdysady gözden geçiriliş öz ösüşiniň esasy ýoluna düşen milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýa...
TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ XXI MASLAHATY BOLDY
2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahaty geçirildi. DTYB-nyň XXI maslahatynyň işiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Soňra “Mekan” köşgünde maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, daşary ýurtlardaky türkmen kowçumlaryndan wekiller, DTYB-nyň toparlaýyn...
TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNDA TERRORÇYLYGY MALIÝELEŞDIRMEK BILEN GÖREŞMEK ULGAMYNDA ÖŇDEBARYJY TEJRIBESINE GARALDY
018-nji ýylyň 17-18-nji sentýabrynda Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gurnan «Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek: ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» atly sebitleýin okuw maslashatyna gatnaşdylar. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bu okuw maslahaty terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmekde halkara standartlaryny we öňdebaryjy tejribesini şöhlelendirmek maksady bilen gurnady. Gatnaşyjy...
GARABOGAZ ŞÄHERINDÄKI GAZHIMIÝA TOPLUMY HALKARA ŞAHADATNAMALAR BILEN DÜNÝÄDE IŇ GOWULARYNYŇ BIRI HÖKMÜNDE BELLENILDI
Türkmenistanyň senagat taýdan ösdürilmegi daşky gurşawy goramagyň meseleleri bilen aýrylmaz bagly, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Garabogazkarbamid» kärhanasynyň açylyş dabarasynda belledi, onuň dowamynda önümiň hiliniň ýokarylygyny tassyklanylmagy, önümçiligiň netijeliligini we ekologiýa taýdan arassalygy barada zawodyň ýolbaşçylaryna halkara guramalar tarapyndan degişli şahadatnamalar gowşuryldy. Şunuň bilen baglylykda Döwlet Baştutany Türkmenistanyň zyýanly gazlaryň atmosfera z...
PARAHATÇYLYGYŇ WE HOWPSUZLYGYŇ STRATEGIÝASY: TERRORÇYLYGA GARŞY TAGALLALARY BIRLEŞDIRMEK
Türkmenistan BMG-niň işjeň agzalarynyň biri hökmünde dünýä syýasatynyň doly hukukly agzasy bolup adamzada garşy howplara, ilki bilen terrorçylygyň we radikalizmiň dürli görnüşleri bilen göreşmekde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny utgaşdyrmaga özüniň saldamly goşandyny goşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu gün terrorçylyk bilen göreş BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary tarapyndan bellenilen ýaragsyzlandyrmak we ýaýratmazlyk, ulag we energetika, ekolog...
TÜRKMENISTANDA SEBITIŇ IŇ IRI GAZ-HIMIÝA TOPLUMY IŞE GIRIZILDI
2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Garabogaz şäherinde, Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze senagat binasy bolan “Garabogazkarbamid” zawodynyň açylyş dabarasy geçirildi. Döwletimiziň himiýa pudagynyň önümçilik infrastrukturasyny baýlaşdyran bu kärhanany ulanylyşa girizmek dabarasyna ýurduň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de daşary ýurtly işewür d...
Hormatly Prezidentimiziň Akhan diýen aty dünýä rekordyny goýdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralliniň 15-nji sentýabrda tamamlanmagy mynasybetli Hazar deňziniň kenarynda geçen owadan dabaralaryň barşynda awtomobil ýaryşynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan başga-da, taryha girjek ýene-de bir ajaýyp waka boldy. Milli Liderimize hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Akhan diýen bedewiniň Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizi...