SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE “AMUL-HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANYP BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda (Turkmen Desert Race) “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň geçirilmegine görülýän taýýarlyga bagyşlanyp brifing geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler we Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komiteti we Türkmenistanyň awtomobil sporty federasiýasy bilelikde gurnadylar. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara gura...
TDIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA «TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY KITABYŇ TÜRK DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türki dilli halklaryň medeniýet we sungat guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Düsenbaý Kaseinowyň baştutanlygyndaky wekiliýeti, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. T...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AWSTRIÝADA IŞ SAPARYNDA BOLDY
2018-nji ýylyň 2-3-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.G.Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky wekiliýeti Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Türkmen wekiliýeti BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory Ýuriý Fedotow, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş direktory Ýukiýa Amano, Ýadro ýaraglaryny synag etmegi düýbünden gadaga...
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany ýerine ýetirmegiň çäklerinde milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň ýerine ýetirilişi haky...
ÝURDUMYZYŇ WEKILIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI SYÝASY FORUMA GATNAŞAR
2018-nji ýylyň 28-nji iýunynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hasabat bilen çykyş edip, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy foruma taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Bu forum şu ýylyň iýul aýynda Nýu-Ýorkda geçiriler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu aýda 2019 - 2021-nji ýyllar üçi...
Hormatly Prezidentimiziň Akhan atly bedewi — Ginnesiň rekordlar kitabynda!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň durmuşynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr, çünki milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çäksiz aladasy we ünsi netijesinde döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Ine, şu gün hem ýene-de bir gyzykly waka bolup geçdi. Ol nobatdaky gezek dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni meşhur ahalteke bedewlerine çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk top...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisde Prezident maksatnamasynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine garaldy, şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün t...