img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Iýun

Medeniýet hepdeligi — 2018: dabaraly jemlenme

Türkmenistan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi belleýär. Ahal jülgesinde, “Nowruz ýaýlasynyň ak öýünde” Medeniýet hepdeligi — 2018-iň ýapylyş dabarasy hem-de bu baýramçylyk mynasybetli sungat ussatlarynyň gala-konserti boldy. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilen köp sanly baýramçylyk çäreleri türkmen halkynyň şanly taryhy hem-de baý medeni mirasy bilen bitewülikde onuň ruhy taýdan galkynmagynyň many-mazmunyny açýar. Baýramçylyk çäreleri Aşgabad...

DOWAMY
pic
26 Iýun

Magtymguly adyndaky teatryň sahnasynda — “Hüýrlukga — Hemra” operasy

Medeniýet hepdeliginiň bäşinji gününiň çäklerinde Ahal welaýatynyň Änew şäherinde “Küşt depip, gazal aýdyp...” atly konsert geçirildi. Onda ýurdumyzyň folklor we tans toparlarynyň çykyşy boldy. Bu çäräniň maksady aýdym we tans däplerini, ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni gymmatlygynyň sanawyna girizilen küştdepdini giňden wagyz etmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi we ylmy maslahat geçirildi. Ahal welaýatynyň Ak bugd...

DOWAMY
pic
25 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly hem-de döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi. Milli Liderimiz, ilki...

DOWAMY
pic
23 Iýun

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasynyň hem-de kabul edilen beýleki ykdysady we durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine garaldy. Şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçi...

DOWAMY
pic
22 Iýun

Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi-2018 badalga aldy

Şu gün Ahal welaýatynda, “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän giň gerimli çäre her ýyl ýurdumyzyň dürli sebitlerinde guralýar hem-de milli medeniýetimiziň aýdyň we köpöwüşginli aýratynlyklaryny äşgär edýär, adamlaryň ýurdumyzyň medeni gymmatlyklary bilen tanyşmagyna, täze zehinleriň ýüze çykarylmagyna ýardam berýär. Hepdeligiň milli öwüşginler çaýylan çäreleri Türkmenis...

DOWAMY
pic
21 Iýun

BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY BILEN TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET DAŞARY YKDYSADY IŞ BANKY 2030-NJY ÝYLA ÇENLI DÖWÜR ÜÇIN GÜN TERTIBINI MALIÝELEŞDIRMEK BOÝUNÇA ILKINJI ÇÄRÄNI GEÇIRÝÄRLER

PRES - RELIZ 2018-nji ýylyň 9-njy iýuny, Aşgabat, Türkmenistan Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) millileşdirmek bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň halkara maliýeleşdirilmegine mümkinçilikleri artdyrmak we maliýe çeşmelerini durmuşa geçirmek we dolandyrmak boýunça milli mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagynyň üstünde işleýärler. Bilelikdäki başlangyçlaryň çäginde 2018-nji ýylyň...

DOWAMY
pic
20 Iýun

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşdy

Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG tarapyndan yglan edilen “2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly Hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanan Ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny y...

DOWAMY